19-njy noýabrda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy G.Müşşikow hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) Merkezi Aziýa boýunça Dolandyryjy direktory Žužanna Hargitainiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen onlaýn-duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň maksady Türkmenistanyň karz-maliýe edaralarynyň, hususy pudagynyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky bilen alyp barýan özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň ençeme ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Türkmen tarapynyň wekilleri üstünikli durmuşa geçirilip başlanandygyny bellemek bilen, ekologiýa düzüjileriniň nazarda tutulmagynda, energetika we ulag pudaklarynda, ýeňil senagatda, kiçi we orta telekeçiligi goldamak ugrunda gatnaşyklaryň ösdürilmegi arkaly, ÝTÖB bilen giň gerimli hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny nygtady.

ÝTÖB-nyň Merkezi Aziýa boýunça wekili öz gezeginde bankyň Türkmenistan boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Ýurt strategiýasyna laýyklykda türkmen tarapyna geljekde hem degişli goldawlary bermäge taýýarlygyny tassyklamak bilen, bu ugurda bilelikde durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdi.