Aşgabatda şu gün telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady. 

Her ýyl geçirilýän «Türkmentel – 2024» halkara sergisi we ylmy maslahaty ýurdumyzda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamyndaky iri çäreleriň biri bolmak bilen, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar we telekommunikasiýa ulgamlarynda ýetilen sepgitleri tanyşdyrmaga, tejribe alyşmaga mümkinçilik döredýär.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň öz çäginde halkara ähmiýetli optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-kommunikasion merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýändigi bellenilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi