Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Orta Wolga – Hazar deňzi» atly halkara söwda-logistika forumyna gatnaşarlar. Bu çäre «Russiýada işewür ýagdaýy» atly işewür forumyň çäginde 5-6-njy dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk şäherinde geçiriler. 

Forum Ulýanowsk şäheriniň hökümeti we «Afanasiý Nikitin» assosiasiýasy tarapyndan guralýar. Foruma gatnaşýanlaryň arasynda öňdebaryjy logistika we ulag kompaniýalary, şol sanda deňiz, demir ýol, derýa ýol gatnawyny hem-de günorta ýurtlaryna howa gatnawyny üpjün edýän; gämi eýeleriniň, port we demir ýol terminallaryny dolandyryjylaryň, şeýle hem serhetara maliýe logistikasy bilen meşgullanýan kompaniýalaryň wekilleri bar. Forum Russiýa bilen Hazar sebiti ýurtlarynyň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Köp ulagly logistika, söwda maliýeleşdirme gurallaryna garamak we eksport amallaryny ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly meseleler foruma gatnaşýanlaryň üns merkezinde bolar. Ýüküň Orta Wolga portlaryndan Pars aýlagyna gönüden-göni eltilmegini üpjün etjek Demirgazyk – Günorta ulag dälizi taslamasyna aýratyn üns berler. Foruma gatnaşýanlar, şeýle hem GDA we BRIKS ýurtlaryna eksport aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»