1-nji noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen 2025–2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasy» kabul edildi. Resminamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin çäreler toplumy işlenip düzüldi we tassyklanyldy.

2021-nji ýylyň noýabrynda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň 26-njy mejlisiniň (COP-26) barşynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy başlangyjyny jikme-jik öwrenmäge gyzyklanma bildirdi.

Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan bu ugurda, şol sanda halkara derejesinde toplumlaýyn işler alnyp baryldy. Hususan-da, 2023-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2023–2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasy» tassyklanyldy, şeýle hem Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara topary döredildi.

Amala aşyrylan işleriň netijesinde 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry – 12-nji dekabry aralygynda Dubaý şäherinde (BAE) geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP-28) Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi.

Ýokarda ady agzalan täze «Ýol kartasynyň» we ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin çäreler toplumynyň kabul edilmegi Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan wezipeleri iş ýüzünde amala aşyrmak nukdaýnazaryndan hem aýratyn ähmiýete eýedir.

«Ýol kartasy» Türkmenistanyň energetika infrastrukturasyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we beýleki degişli çäreleri durmuşa geçirmek, şeýlelik bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky tagallalaryna goşant goşmak arkaly 2030-njy ýyla çenli metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça pugta meýillidigini ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Resminama halkara hyzmatdaşlar, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariaty,  BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen edaralary,  Ýewropa Bileleşigi, ÝHHG, IRENA, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, USAID, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, ÝB-niň ýurtlary we beýlekiler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barmagy göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň çäginde döredilen «MARS» atly sanly platformanyň işine işjeň gatnaşmaga hem uly ähmiýet berýär.

«Ýol kartasyny» iş ýüzünde amala aşyrmak üçin metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça 2025-2026-njy ýyllarda çäreler toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, dürli halkara guramalar bilen bilelikde ylmy-amaly maslahatlary, «tegelek stol» duşuşyklaryny, okuw sapaklaryny we beýleki çäreleri geçirmek, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek babatda daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, innowasion we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ugurdaş gazy gaýtadan işlemek hem-de ulanmak boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmalary taýýarlamak we beýlekiler göz öňünde tutulýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi