4-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň IV gurultaýy geçirildi. Onuň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu syýasy guramanyň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu waka mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinden we Arkadag şäherinden köp sanly wekiliýetler — oba hojalyk pudagynyň wekilleri Aşgabada geldiler. Şeýle hem forumyň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

Gurultaý başlamazdan ozal, oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň gazananlarynyň sergisi bilen tanyşdylar. Forumyň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň hasabaty diňlenildi hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy. Agrar partiýa milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynyň çalt depginler bilen ösdürilmegine, daýhanlary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmaga uly goşant goşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler pudakda guwandyryjy netijeleri berýär. Nygtalyşy ýaly, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberiniň artdyrylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Çykyş edenler oba hojalyk toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna, himiýa senagatynyň ösdürilmegine gönükdirilýän döwlet goldawynyň, ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Oba hojalyk toplumy üçin döwrebap traktorlar, kombaýnlar, ekiş gurallary we beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylda gol çeken Kararlaryna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyryldy. Bu çäreler oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmaga uly itergi bermek bilen, daýhanlaryň durmuş abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna täsir eder.

Döwlet Baştutanymyz ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine-de aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, tohumçylyk, seçgiçilik işlerini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Bellenilişi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport edilýän harytlaryň önümçiligini ýokarlandyrmak babatda döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi milli ykdysadyýetimiziň azyk senagatyny ösdürmegiň, halkymyzyň ýokary hilli azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu ulgamda gazanan üstünlikleriniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilendigi, hususan-da, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda gazananlary üçin BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýörite sylagyna mynasyp bolandygy aýdyldy.

Türkmenistanyň oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň maksatnamasynda önümçilige ylmyň we sanly tehnologiýalaryň gazananlaryny, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak wezipeleri göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Agrar partiýanyň agzalarynyň jemgyýetçilik we syýasy işlere işjeň gatnaşmak bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işlere, oňyn özgertmelere işjeň goşant goşmaga çalyşýandyklaryna aýratyn üns çekildi.

Gurultaýyň dowamynda guramaçylyk meselelerine hem garaldy. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlyklygyna ozal bu partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän A.Akmämmedow saýlandy.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda döwletimizi we jemgyýetimizi yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigi üçin hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmakda, oba hojalyk toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmakda yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi