1-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) geňeşçisi, Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şol sanda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmaga bolan meýli bilen bagly meselelere ygrarlylyk nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýyldan bäri goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesine eýe bolan Türkmenistana HPG-niň maslahat beriji goldawynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi