Türkmenistanyň Bratislawadaky ilçisi Hemra Amanazarow Merkezi Aziýanyň ýurtlary we Slowakiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek maksady bilen geçirilýän eksport maslahatyna gatnaşdy. Türkmen diplomaty ýurduň söwda-ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.

Awtstriýadaky türkmen diplomatik wekilçiligi tarapyndan berlen maglumatlara görä, Hemra Amanazarow ýurduň hökümeti tarapyndan daşary ýurt kompaniýalary üçin döredilen amatly şertler barada gürrüň berdi.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň ilçileri öz döwletleriniň aýratyn ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Slowakiýa kompaniýalarynyň wekilleri ýol gurluşygy, kiber howpsuzlyk, enjamlary öndürmek, sanly ösüş we energiýa pudagynda Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlyk ýola goýmaga gyzyklanma bildirdiler.
 

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi