Oktýabr aýynyň 12-ne Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Mongol Lideri Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşdy. Şeýle hem beýleki daşary ýurtly belent mertebeli myhmanlar bilen paýtagtymyzda geçirilen, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly wekilçilikli halkara foruma gatnaşdy. 

Irden dostlukly döwletiň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Oguzhan adyndaky köşkler toplumyna tarap ugraýar. Galkynyş köçesinden başlap, Türkmenbaşy – Galkynyş köçeleriniň aýlawyna çenli Mongoliýanyň Prezidentini atly hormat nyzamy ugratdy. 

Köşkler toplumynyň merkezi girelgesiniň öňünde belent mertebeli myhmany döwlet Baştutanymyz mähirli garşylady. 

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh dostlarça salamlaşyp, köşgüň içine girýärler, şol ýerde mongol Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy. 

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, iki ýurduň Baştutanlary “Rowaç” zalyna barýarlar. Şol ýerde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde taryhy waka boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi, iri halkara guramalarynyň çäklerinde ýakyndan özara hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändigini belledi. 

Bellenilişi ýaly, türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mazmyna ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ählumumy ösüşiň ýörelgelerine garaýyşlary babatda doly özara düşünişmek bilen şertlendirilendir. Ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak meselelerine biziň çemeleşmelerimiziň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi munuň möhüm şerti bolup durýar. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Bitarap daşary syýasat ugruny, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryny Mongoliýanyň köp ýyllaryň dowamynda we berk goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirildi. Bellenilişi ýaly, öz gezeginde, Türkmenistan hem Mongoliýanyň dünýä syýasy giňişliginde öňe sürýän garaýyşlaryny we halkara ähmiýetli tekliplerini mundan beýläk-de goldamagy maksat edinýär. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha ýurdumyza we halkymyza ýokary hormatyň nyşany hökmünde baha berilýän döwlet sapary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, bu saparyň dowamynda meseleleriň giň toplumyna serediljekdigine we ikitaraplaýyn özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň uzakmöhletli geljegini göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitleniljekdigine ynam bildirdi. 

Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, şu gezekki ýokary derejedäki taryhy gepleşikleriň ähli ulgamlarda dostlukly döwletleriň ysnyşykly gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

Mongol Lideri özara hormat goýmak we netijelilik häsiýetine eýe bolan hem-de iki dostlukly halkyň bähbitlerine doly laýyk gelýän döwletara dialogyň ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. 

Uhnaagiýn Hurelsuhyň nygtaýşy ýaly, Mongoliýada Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden begenýärler we esasy ugurlaryň ählisinde döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna umyt edýärler. 

Soňra gepleşikler “Soltan Sanjar” zalynda giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. 

Ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda söhbetdeşler türkmen-mongol gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda taraplaryň tagallalary netijesinde bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylýar. 

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow Uhnaagiýn Hurelsuh uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, gatnaşyklaryň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň umumy bähbitlere, şeýle hem durnukly ösüşiň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini bellediler. 

Taraplar şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. 

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň iki döwletiň Baştutanlary “Magtymguly” zalyna barýarlar we şol ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. 

Iki ýurduň arasynda 1992-nji ýylyň 23-nji aprelinde diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan döwründen bäri Mongoliýanyň Türkmenistana ilkinji döwlet saparyna döwletara dialogyň taryhynda hil týdan täze tapgyryň başlanýandygy hökmünde baha berilýär. Bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär. 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi