11-nji oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Söwda-senagat edarasynda geçirilen ýokary derejeli foruma gatnaşmak üçin Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza geldiler. Myhmanlaryň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Hökümet agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, diplomatlar hem bar. Bu forum beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününi baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Bu maksatnama ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda guralan köp sanly dabaraly çäreler girizildi. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek halkara forumyň esasy maksadydyr.
...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasyna geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyz foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen döwlet we hökümet Baştutanlaryny, Parlament ýolbaşçylaryny mähirli mübärekledi. Hormatly Prezidentimiz foruma gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, belent mertebeli myhmanlar we halkara guramalaryň wekilleri bilen bilelikde surata düşdi. Soňra mejlisler zalynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlardan wekilçilikli foruma gatnaşmaga gelen belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, şu gün Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşmak baradaky çakylygy kabul eden döwlet Baştutanlaryna, Hökümetleriň, Parlamentleriň, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna we wekillerine, ýokary derejeli ähli myhmanlara öz adyndan hem-de Türkmenistanyň halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilýän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumy açyk diýip yglan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda ruhy we medeni gymmatlyklary döreden halkdygyny belledi. Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Şonuň üçin şahyryň ömrüni we döredijiligini giňden öwrenmek bilen bagly işler abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanýan bu günki wakanyň hem aýratyn many-mazmunynyň bardygyny nygtady.
Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi. Dana Pyragynyň parasatly pikirleri asyrlarboýy halkymyz üçin, şeýle-de beýleki halklaryň wekilleri üçin hem durmuş ýörelgesine öwrülip geldi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bu abraýly gurama bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bularyň ählisi türkmen halkynyň beýik söz ussadyna bolan belent sarpasyny ýüze çykarýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlaryny öňe sürdi. Türkmenistanly hem-de daşary ýurtly meşhur ýazyjy-şahyrlar, alymlar, edebiýatçylar, suratkeşler, sungat işgärleri beýik şahyra bagyşlap köp işleri bitirdiler, kämil eserleri döretdiler. Bu eserler söz ussadynyň baý edebi mirasyny öwrenmekde, dünýä giňden ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagynyň Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen berk baglydygyna aýratyn ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagynyň Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene bir aýdyň nyşanydygyny, daşary ýurtlaryň birnäçesinde Magtymguly Pyragynyň heýkelleriniň oturdylandygyny belledi. Şeýle sahawatly işler halklaryň arasynda dost-doganlyk köprülerini has-da pugtalandyrýar.
Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenleriň milli häsiýetiniň kemala gelmeginde uly hyzmaty bitiren akyldar şahyr köp ýurtlara aýlanyp görüp, dünýä akyl ýetiripdir. Bu bolsa onuň aň-düşünjesinde öçmejek yz galdyrypdyr. Dünýägaraýşynyň kämil bolmagyna, halklaryň arasynda medeniýetleriň, bilimleriň özara baýlaşmagyna getiripdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine öz goşandymyzy goşmaga hemişe taýýardyrys diýip aýtdy hem-de foruma gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanlara söz berdi.
Ilki bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian çykyş edip, beýik şahsyýet Magtymguly Pyragynyň hormatyna bagyşlanyp geçirilýän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly möhüm medeni çärä çakylygy üçin hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol iki dostlukly halkyň gadymy döwürlerden bäri parahatçylykda, ylalaşykda ýaşaýandyklaryny, olaryň umumy medeni mirasynyň bardygyny belledi. Biziň sebitimizde ýaşaýan halklaryň dilleriniň tapawutlydygyna garamazdan, olaryň medeniýeti şol bir çeşmelerden gözbaş alypdyr. Şoňa görä-de, ol medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň dürli ugurlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi bilen tapawutlanýar. Iki goňşy döwlet bolan Eýranyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyga esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklar häzirki wagtda syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda depginli ösdürilýär. Eýran halkynyň taryhynyň, edebiýatynyň we medeniýetiniň möhüm bölekleri Merkezi Aziýa halklarynyň medeniýeti bilen berk baglanyşyklydyr.
Halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda alymlara, şahyrlara uly orun degişlidir. Pars edebiýatynyň Firdöwsi, Rudaky, Saady, Omar Haýýam ýaly meşhur wekilleriniň Gündogaryň medeniýetini dünýä ýaýmakda hyzmatlary uludyr. Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragy hem türkmen medeniýetini we dilini belende göteren şahsyýetleriň biridir. Ol öz manyly ömrüniň dowamynda umumadamzat gymmatlyklarynyň ösüşinde möhüm yz galdyrdy, onuň döredijiligi bolsa dünýä edebiýatyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Biziň däp-dessurlarymyzyň, dilimiziň şu günki günlere çenli ýetip gelmegi şeýle beýik şahsyýetleriň tagallalary bilen mümkin boldy. Eger-de pars diliniň ösüşi Firdöwsi ýaly şahyrlaryň döredijiligine borçly bolsa, onda türkmen dili we edebiýaty hem Magtymguly ýaly beýik şahyrlaryň bitiren hyzmatlaryna borçludyr diýip, Eýranyň döwlet Baştutany nygtady.
Bellenilişi ýaly, Magtymgulynyň miras galdyran eserlerinde ahlak, syýasy, durmuş, medeni meselelere ýüzlenilýär. Bu onuň dil baýlygyna we giň dünýägaraýşyna şaýatlyk edýär. Magtymguly öz şygyrlarynda adamlary agzybirlige, jebislige, parahatçylyk söýüjilige, ylalaşyklylyga çagyrypdyr hem-de agzalalygy, ahlaksyzlygy ýazgarypdyr. Dostlukly ýurduň döwlet Baştutany çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Hökümetine bu möhüm medeni forumy gurandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan edip, medeni hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň, şeýle çäreleriň geçirilmeginiň biziň umumy meşhur şahsyýetlerimizi we edebi mirasymyzy dünýä tanatmakda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz çuňňur many-mazmunly çykyşy üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi we Magtymguly Pyragynyň ömür ýolunyň, döredijiliginiň Eýran topragy bilen aýrylmaz baglydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz goňşy ýurduň Baştutanyna Gündogaryň meşhur şahyry Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Eýranda köp sanly çäreleriň guralandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, beýik söz ussadynyň döredijilik mirasynyň ylmy taýdan öwrenilmegine goşýan goşandyny nazara alyp, Prezident Masud Pezeşkiany «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy.
Soňra çykyş eden Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari türkmen edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan şu günki abraýly foruma gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna özara düşünişmegi, parahatçylygy, medeni dialogy ilerletmäge gönükdirilen bu halkara çäräni gurandygy üçin hoşallyk bildirip, Pakistan bilen Türkmenistany özara hormat goýmaga esaslanýan, has gowy we parahat geljegi üpjün etmäge gönükdirilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Pakistanyň bu maslahata gatnaşmagy iki doganlyk ýurduň arasynda netijeli gatnaşyklary, sebitiň döwletleri bilen medeni, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny görkezýär.
Belent mertebeli myhman Magtymgulynyň we Pakistanyň milli şahyry Allam Muhammad Ykbalyň sufizm garaýyşlarynyň meňzeşdigini kanagatlanma bilen belläp, Magtymguly Pyragynyň diňe bir şahyr däl-de, eýsem, türkmen halkynyň öz Watanyna söýgüsiniň hem nusgasydygyny nygtady. Onuň XVIII asyrda ýazan şygyrlary häzirki wagtda hem öwrenilýär. Magtymguly çylşyrymly syýasy, durmuş ýagdaýlarynyň döwründe ýaşady we öz ömrüni türkmen halkynyň berkarar döwleti baradaky arzuwlara bagyş etdi.
Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa dana Pyragynyň döredijiligini ýaýmaga gönükdirilen forumyň guralandygy, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň Baştutanlary bilen pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkyny 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen gutlady.
“Men forumdaky ara alyp maslahatlaşmalaryň Magtymguly Pyraga hormat goýmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyk üçin hem täze ugurlary açjakdygyna ynanýaryn. Milli gymmatlyklarymyza ygrarlydygymyzy tassyklamak, geljek nesillerimiziň abadançylygynyň bähbidine bilelikde işlemek üçin şu mümkinçilikden peýdalanmagy teklip edýärin” diýip, Prezident Asif Ali Zardari çykyşyny Magtymgulynyň goşgy setirleri bilen tamamlap, öz dosty, görnükli syýasatçy we alym, köp kitaplaryň awtory Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly — hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen ýene-de bir gezek duşuşmaga şatdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Pakistanyň Prezidentine manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Pakistanda hem birnäçe ylmy maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklarynyň geçirilýändigini, akyldar şahyryň çuň mana ýugrulan eserlerine uly sarpa goýulýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz meşhur türkmen şahyrynyň döredijiligini wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarini «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda karara gelendigini aýtdy we belent mertebeli myhmany bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine söz berdi. Belent mertebeli myhman Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň häzirki döwürde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, onuň döredijilik mirasy dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň bölegidir. Magtymguly türkmen diliniň gözelligini doly açyp görkezen ilkinji nusgawy şahyrlaryň biridir. Onuň özboluşly şygryýet ýoly bolupdyr. Ol pikirlerini gysgaça we örän jaýdar beýan edipdir. Onuň köp setirleri atalar sözüne, nakyllara, parasatly jümlelere öwrülip gidipdir. Magtymgulynyň kitaplary mukaddeslige deňelip, aýawly saklanypdyr.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen esgerleriniň dogan-garyndaşlarynyň olara iberýän hatlarynda Magtymgulynyň goşgy setirlerini ýazyp, esgerleri watansöýüjilige, gahrymançylyga ruhlandyrandyklaryny aýratyn belledi we şahyryň «Türkmenler baglasa bir ýere bili,//Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili» diýen setirlerini mysal getirdi.
Magtymgulynyň şygyrlary rus diline hem terjime edildi. Şahyryň Astrahanyň etegindäki Funtowo obasynda bolandygy barada taryhy maglumatlar bar. Bu ýerde XVII asyrdan bäri türkmenler kowçum bolup ýaşaýarlar. 2019-njy ýylda ol ýerde Magtymguly adyndaky mekdep açyldy. Bu mekdep türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen guruldy. Astrahanda Magtymgulynyň ýadygärligi oturdyldy. Şu ýylyň sentýabrynda bolsa Moskwada şahyryň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy diýip, dostlukly ýurduň Baştutany nygtady. Bellenilişi ýaly, öz döwründen öňe giden Magtymguly hemişe döredijilik gözleginde bolupdyr we hemişe hakykata göz ýetirmäge çalşypdyr. Ol öz zehini bilen halkynyň röwşen geljegini görmegi başarypdyr. Magtymguly öz döredijiliginde päk ahlaklylyga, adalatlylyga, deňlige çagyrypdyr. Şahyryň şygyrlarynda beýan edilýän pikirler häzirki wagtda-da adamlara ýakyn we düşnüklidir.
Şu günki foruma gatnaşýan ýurtlar hem Magtymgulynyň filosofik çemeleşmeleriniň ruhunda halkara durmuşyň yzygiderli demokratiýalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýärler diýip, Prezident W.Putin aýtdy we ählumumy ösüşiň diňe her bir halkyň bähbidini nazara almaga, her bir döwletiň özygtyýarly ýoluna bolan hukugyna, dünýägaraýşyna, däp-dessurlaryna hormat goýmak esasynda üpjün ediljekdigine ynam bildirdi.
Russiýa giň halkara hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edip, ähli dostlary we pikirdeşleri bilen, şol sanda GDA-nyň, Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, BRICS-iň çäklerinde halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açykdyr. Hut şulary nazara almak bilen, biz 22 — 24-nji oktýabrda Kazanda BRICS we BRICS+ sammitlerini geçirmäge taýýarlanýarys. Elbetde, biz Kazanda geçiriljek bu çärelerde biziň şu günki duşuşygymyza başlyklyk edýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy we şu foruma gatnaşýan beýleki döwlet Baştutanlaryny görmäge şatdyrys diýip, RF-niň Lideri aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Liderine Magtymgulynyň parasatly taglymlaryna eýerip, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy gorap saklamaga, köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşýan saldamly goşantlary üçin aýratyn hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň Baştutanyna çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, beýik şahyr Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň Russiýa Federasiýasynda hem giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýändigini aýtdy. Moskwadaky Bütinrussiýa döwlet daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynda Magtymgulynyň heýkeliniň açylmagy şanly waka boldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we pursatdan peýdalanyp, bu işde goldaw berýändigi üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putini Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda karara gelendigini aýtdy. Munuň özi biziň halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasyndaky berk dostlugyň nobatdaky aýdyň nyşany bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we Russiýanyň Liderini bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra çykyş eden Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew foruma gatnaşyjylary şanly sene — türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen gutlap, hormatly Prezidentimize çakylygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik, forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu çäräniň biziň halklarymyz üçin aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy we Gündogaryň meşhur akyldarydyr. Onuň eserleri köp dillere terjime edilip, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi. Şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi dana Pyragynyň şahsyýetiniň taryhy ähmiýetiniň ykrarnamasydyr we bu abraýly halkara guramanyň Magtymgulynyň golýazmalar toplumyna diňe bir Türkmenistanyň ýazuw mirasynyň däl-de, eýsem, tutuş türki siwilizasiýanyň hem örän seýrek nusgasy hökmünde garaýandygy örän buýsançlydyr diýip, gazak Lideri nygtady.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligine türki dünýäde aýratyn sarpa goýulýar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi munuň mysalydyr. Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň belleýşi ýaly, bu çözgüt akyldaryň döredijiligini halkara derejede giňden wagyz etmäge ýardam berer. Çylşyrymly geosyýasatyň emele gelen häzirki döwründe beýik şahyryň eserleri has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şahyryň şygryýetinde ynsanperwer garaýyşlar dabaralandyrylýar, onuň goşgulary biziň hemmämize parahatçylygyň, ynanyşmagyň, özara hormatyň müdimi gymmatlyklar bolup durýandygyny ýene-de bir gezek ýatladýar.
Magtymgulynyň eserleri diňe bir geçmişde bolan wakalaryň düýp mazmunyna göz ýetirmäge däl-de, adamzadyň häzirki döwürdäki meselelerine düşünmäge-de mümkinçilik berýär. Akyldar türkmen milletiniň hem-de döwletliliginiň kemala gelmegine uly goşant goşdy diýip, gazak Lideri geçen nesilleriň şöhratly mirasyna sarpa goýmagyň her bir halkyň mukaddes borjudygyny belledi. Şeýle giň gerimli çäre Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň we ähli halkynyň geçen nesilleriniň mirasyna aýawly çemeleşýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Gazagystanyň Baştutany häzirki wagtda Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, türkmen döwletiniň mizemez binýadynyň kemala getirilmegine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady, syýasy özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny aýdyp, geljek ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigini we doganlyk halkyň bu ýörelgä berk ygrarlydygyny nygtady. Türkmenistan bu hukuk derejesine üýtgewsiz eýermek bilen, öz milli bähbitlerini goraýar, halkara giňişlikde abraýyny barha berkidýär we dünýäde howpsuzlygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde köpugurly hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine uly goşant goşýar.
Birleşen Milletler Guramasy 2025-nji ýyly Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Siziň ýurduňyzyň gazanýan üstünlikleri Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky arzuw-hyýallarynyň hasyl bolandygyny görkezýär diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kuwwatly, gülläp ösýän türkmen döwletini gurmakdaky hem-de beýik şahyryň eserlerini halkara derejede wagyz etmekde ägirt uly hyzmatlaryna ünsi çekdi. Ol şahyryň döredijiliginiň gazak halkynyň kalbynda hem orun alandygyny aýtdy we şu ýylyň maýynda Almaty şäherinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara maslahatyň geçirilendigini ýatlatdy.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti öz ýurdunda Gazagystanyň medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda surata düşürilen şahyr hakyndaky «Ismim düşdi ilden-ile» atly dokumental filmiň uly gyzyklanma döredendigini hem-de milli telewideniýäniň ýaýlymynda görkezilendigini aýdyp, Gazagystanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragy esaslandyrmak başlangyjy bilen çykyş edendigini belledi we munuň şahyryň baý mirasyny wagyz etmegiň, medeni diplomatiýany ilerletmegiň ýene-de bir täsirli guraly boljakdygyna ynam bildirdi.
Astanada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy iki halkyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezdigini alamatlandyrdy diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy hem-de Aşgabatdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda meşhur gazak sazandasy we kompozitory Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeliniň açylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol hut düýn öz resmi saparynyň çäklerinde paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde beýik gazak şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň açylandygyny buýsanç bilen belledi.
Abaý Kunanbaýewiň hem-de Magtymguly Pyragynyň eserlerini ruhy çeşmelere aýawly çemeleşmek, öz halklarynyň geljegi baradaky çuňňur oýlanmalar, ynsanperwerligiň beýik taglymaty we abadançylyga çagyryş birleşdirýär. Olaryň baý filosofik mirasy halklarymyzyň köpöwüşginli medeniýetinde aýratyn orun eýeleýär, şeýle hem tutuş adamzadyň mirasy bolup durýar diýip, gazak Lideri aýtdy. Ol biziň halklarymyzy umumy ruhy kökleriň, taryhyň, köpasyrlyk özara goldawyň baglanyşdyrýandygyny, iki döwletiň arasynda ähli derejede işjeň dialogyň ýola goýlandygyny, munuň bolsa halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna, gazak-türkmen gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna ýardam edýändigini nygtap, Türkmenistanyň doganlyk halkyna üstünlik, abadançylyk arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Kasym-Žomart Tokaýewe çuňňur manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystan Respublikasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli köp sanly çäreleriň geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy, birnäçe medeni çäreleriň geçirilmegi türkmen halky üçin uly hormatdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gazagystanyň Baştutanyna bitiren uly hyzmatlary üçin «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň gowşurylandygyny aýdyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi bu ýokary sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berildi. Dostlukly döwletiň Baştutany ajaýyp Aşgabat şäherinde geçirilýän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşýandygyna örän şatdygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bu çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň edebiýaty we bilimi döwlet syýasaty derejesine çykarandygyny, olary halkara giňişlikde hoşniýetli ýörelgeleri öňe sürmek üçin netijeli gurala öwrendigini aýratyn belledi we şu günki maslahatyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, halklarymyzyň ýakynlaşmagynda, baý ruhy mirasymyzy bütin dünýäde wagyz etmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Gadymy türkmen topragynda ylym, medeniýet, sungat bilen meşgullanan ençeme beýik şahsyýetler kemala geldi. Şolaryň hatarynda Azadyny, Andalyby, Şeýdaýyny, Gaýybyny, Mollanepesi we beýlekileri görkezmek bolar. Şol beýik şahsyýetleriň arasynda döredijilik mirasy diňe bir Gündogaryň nusgawy şygryýetini däl, eýsem, dünýä edebiýatyny hem baýlaşdyran türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragy aýratyn orun eýeleýär. Beýik ynsanperwer şahyryň öçmez-ýitmez eserleri parahatçylyk we ylalaşyklylyk, ýagşylyk, adalatlylyk ýaly düşünjeleri wasp edip, umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşýar diýip, Özbegistanyň Baştutany aýtdy we dana Pyragynyň eserleriniň binýadynda: «Dünýäni ýagşylyk, dostluk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk, mähirlilik, adamkärçilik halas edýär» diýen pikiriň durandygyny belledi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew özbek halkynyň hem Magtymgulynyň döredijiligine ýokary baha berýändigini, oňa uly hormat-sarpa goýýandygyny buýsanç bilen nygtady. Beýik türkmen şahyry Hywanyň Şirgazy medresesinde bilim aldy, ol ýerde dünýewi we dini bilimleri öwrendi. Magtymguly Pyragy beýik özbek şahyry Alyşir Nowaýyny öz halypasy hasaplapdyr. Özbegistanda Magtymgulynyň ajaýyp şygyrlary we olaryň esasynda döredilen aýdymlar hemişe ýaňlanýar. Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda Karar kabul edildi. Bu ajaýyp senäniň hormatyna edebiýat agşamlary, bäsleşikler, maslahatlar we beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär. Teatrlarda sahnalar goýulýar, özbek hem türkmen kinematograflary tarapyndan beýik şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan çeper film surata düşürildi. Häzirki wagtda beýik söz ussadynyň ady özbek paýtagtynyň hem-de welaýatlarynyň köçelerine, seýilgählerine dakyldy. Daşkentde, Hywada Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikleri oturdyldy.
Özbek Lideri şu günki günde ene topragyny tüýs ýürekden söýen, onuň parlak geljegi üçin göreşen, hakykaty, adalaty wasp eden Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň hasyl bolýandygyny aýtdy we Özbegistanda biziň ýurdumyzyň okgunly ösüşine, halkara abraýynyň has-da belende galýandygyna buýsanç bilen syn edilýändigini belledi. Çykyşynyň ahyrynda Özbegistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetleri dünýä beren Türkmenistanyň hemişe gülläp ösmegini, iki halkyň dost-doganlygynyň müdimi bolmagyny arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoýewe çuňňur manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny Özbegistanda giňden bellemek hakynda kabul edilen Kararyň esasynda dürli çäreleriň geçirilýändigini belledi. Şahyryň goşgularynyň özbek dilinde neşir edilmegi, şygyrlaryna aýdymlaryň döredilmegi, heýkelleriniň oturdylmagy, çeper filmiň surata düşürilmegi bizi örän buýsandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we özbek Liderini Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda karara gelendigini habar berdi hem-de ony bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berdi. Ol döwlet Baştutanymyza türkmen myhmansöýerligi hem-de «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, forumyň Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli geçirilýän çäreleriň, şol sanda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda guralýan dabaralaryň dowamy bolup durýandygyny belledi. Bu dabaralar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan türkmen halkynyň şöhratly oglunyň umumadamzat edebi mirasyna goşan mynasyp goşandynyň ykrar edilýändigini görkezýär. Biz akyldar şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna, beýik şahyryň ýubileýiniň BMG-niň bu düzüminiň şanly seneleriniň sanawyna girizilmegini mübärekleýäris diýip, dostlukly ýurduň Lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistanda şu ýyl Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan halkara çäreleriň geçirilendigine üns çekildi.
Prezident Emomali Rahmon sözüni dowam edip, Duşenbe şäherinde Magtymgulynyň ýadygärliginiň oturdylandygyny we täjik paýtagtynyň gözel köçeleriniň birine onuň adynyň dakylandygyny habar berdi. Bellenilişi ýaly, 1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu wakalar iki doganlyk halkyň dostlugynyň we döredijilikli gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Magtymguly Pyragy öz täsin zehini bilen Merkezi Aziýanyň halklarynyň medeniýetiniň we edebiýatynyň ösmegine saldamly goşant goşdy. Şeýle hem onuň döredijiligi täjik-pars edebiýatynyň beýik mirasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr diýip, dostlukly döwletiň Baştutany aýtdy. Şahyryň eserlerinden görnüşi ýaly, ol öz döredijiliginde Abulkasym Firdöwsi, Omar Haýýam, Saady, Jelaleddin Balhy, Hafyz Şirazy ýaly bütin dünýäde meşhur akyldarlaryň mirasyndan ylham alypdyr. Şunuň bilen baglylykda, dana Pyragynyň döredijiliginiň täjik edebiýatçylaryny ruhlandyrýandygy bellenildi. Olar şahyryň şygyrlarynyň onlarça ýygyndysyny täjik diline terjime we neşir etdiler.
Magtymgulynyň döredijiligi dost-doganlyk, hoşniýetlilik, adamlar barada alada, ynsanyň ahlak gözelligi ýaly ýörelgelerden gözbaş alýar we medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň ýakynlaşmagy üçin köpri bolup hyzmat edýär diýip, Täjigistanyň Baştutany aýtdy we birek-biregiň däp-dessurlaryna, gymmatlyklaryna, ruhy-medeni mirasyna uly sarpa goýulýandygyna ünsi çekdi. Prezident Emomali Rahmon Täjigistan ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça bilelikde işlemek ugrunda çykyş edýär diýip belledi we ähli hyzmatdaşlar, şol sanda Türkmenistan bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýokary derejededigi bellenildi. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Prezident Emomali Rahmon çykyşyny Magtymgulynyň täjik diline terjime edilen şahyrana setirleri bilen jemläp, türkmenistanlylary bu forumyň ýokary derejede guralmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň dostlukly ýurtda giňden okalýandygyny, goşgular ýygyndysynyň yzygiderli neşir edilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylmagynyň halklarymyzyň dostlugyny dabaralandyrýan möhüm waka bolandygyny nygtap, Prezident Emomali Rahmony Magtymguly Pyragynyň eserlerini wagyz etmäge goşan goşandy üçin şahyryň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý medaly bilen sylaglamak baradaky karara gelendigini belledi we Täjigistanyň Baştutanyny bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa söz berildi. Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimize beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň işine gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Gyrgyzystanyň Baştutany çykyşyny ajaýyp gyrgyz ýazyjysy we akyldary Çingiz Aýtmatowyň Magtymgulynyň döredijiligi barada aýdan sözleri bilen başlady: «Magtymgulynyň şahyrana sözüniň biziň günlerimize gelip ýetmegi türkmen halkynyň edermenligidir. Magtymguly Pyragynyň goşgulary türkmenleriň kalbynda, bagşylaryň aýdymlarynda saklanyp galypdyr»... Belent mertebeli myhman pursatdan peýdalanyp, türkmen halkyna paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda beýleki meşhur ýazyjylar we şahyrlar bilen birlikde, Çingiz Aýtmatowyň hem ýadygärliginiň oturdylandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Biziň türkmen doganlarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň adamkärçiligiň, ahlak päkliginiň nyşany bolup durýandygyna buýsanmaga haklydyr. Onuň eserleri jebisleşdiriji güýç bolup çykyş edýär diýip, Gyrgyzystanyň Baştutany aýtdy. Beýik türkmen şahyry öz goşgularynda ahlak päkligine, watansöýüjilige, ynsanperwerlige, gaýduwsyzlyga çagyrypdyr. Akyldaryň bu wesýetleri biziň günlerimizde hem derwaýys bolmagynda galýar. Onuň eserleri nesilleri birleşdirýän parasatly pikirlerden doludyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi döwürleriň we siwilizasiýalaryň arabaglanyşygyny alamatlandyrýar.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna Gyrgyz Respublikasynyň Batken welaýat sazly drama teatrynda beýik türkmen şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Magtymguly Pyragy» atly sahna eseri goýuldy. Bu sahna oýny geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanda geçirilen dördünji halkara teatr festiwalynda hem üstünlikli görkezildi. Gyrgyzystanyň Prezidenti geçen hepdede Bişkekde ylmy-döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Gündogaryň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy» atly ylmy-amaly maslahatyň guralandygyny belledi. Onda şahyryň eserleriniň gyrgyz dilinde neşir edilen ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Gyrgyz Lideri şu günki forumyň ýurtlarymyzyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle forumlar halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Dialogy pugtalandyrmaga, ýakyn hyzmatdaşlygyň esasyny goýmaga ýardam edýär. Çünki hut medeniýet we ruhy gymmatlyklar üstünlikli halkara hyzmatdaşlygyň, durnukly parahatçylygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Çykyşynyň ahyrynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary ilerletmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Medeniýet diňe bir bizi birleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, täze üstünliklere ruhlandyrýar, birek-birege has gowy düşünmäge, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan berk gatnaşyklary ýola goýmaga hem ýardam edýär. Gyrgyzystanyň Lideri foruma gatnaşyjylara netijeli işlemegi, Magtymguly Pyragy ýaly beýik akyldarlaryň mirasynyň hemmeleri mundan beýläk-de uly üstünliklere ruhlandyrmagyny arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanynyň akyldar şahyryň döredijiligini öwrenmek babatda giň goldaw berýändigini, onuň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp birnäçe çäreleriň geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň mirasyny wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin Gyrgyzystanyň Baştutanyny beýik akyldaryň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy we ony bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan çykyş edip, beýik şahyr, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan ýokary derejeli halkara foruma gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, Magtymguly sebitiň medeni taýdan ösmegine uly goşant goşdy we Türkmenistanyň edebi hem milli özboluşlylygynda öçmejek yz galdyrdy. Onuň mirasy dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan adamlary ruhlandyrmagyny dowam edýär. Köpugurly gymmatlyklary goran ynsanperwer şahsyýet hökmünde onuň wesýetleri häzirem derwaýys bolmagynda galýar diýip, Ermenistan Respublikasynyň Baştutany aýtdy. Ermeni halky Magtymguly Pyragynyň eserleri bilen ýakyndan tanyşdyr. Munuň özi edebiýatlaryň şol döwürdäki taryhy meňzeşligini görmäge mümkinçilik berýär diýip, belent mertebeli myhman nygtady we Saýat Nowanyň täsin sazly-şahyrana döredijiligine ünsi çekdi. Onuň döredijilik mirasy ermeni halky üçin medeni şamçyrag bolup durýar. Magtymguly halklary birleşdirýän umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanyp, “milli edebiýat” diýen düşünjäniň gerimini giňeltdi. Şunuň bilen baglylykda, şu günki waka nusgawy edebiýata akyl ýetirmek, özara hormat goýmak ýörelgesini wagyz etmek, milli edebiýatlaryň ählumumy mirasa giňden goşulyşmagynyň zerurdygyna çuňňur düşünmäge ýardam bermek boýunça möhüm başlangyç hökmünde garamak bolar diýip, ermeni Lideri nygtady.
Ol çykyşynda Magtymguly Pyragynyň filosofik setirlerini mysal getirdi. Olarda asylly işlere, bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamaga çagyryş öz beýanyny tapýar. Belent mertebeli myhman ertir türkmen paýtagtynda Magtymguly Pyragynyň ermeni dilinde neşir edilen eserleriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimize bu möhüm foruma gatnaşmaga çakylygy hem-de netijeli dialog we geljekki hyzmatdaşlyk üçin täze meýdançanyň döredilendigi üçin hoşallyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, nusgawy şahyra bagyşlanyp Ermenistanda köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň, onuň goşgularynyň ermeni diline terjime edilmeginiň beýik akyldaryň ruhy hazynasyna goýulýan hormat-sarpanyň nyşanydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmana Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň Ermenistanda giňden wagyz edilmegine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we bu ugurda bitiren işlerini nazara alyp, dostlukly ýurduň Baştutanyny beýik söz ussadynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglamak baradaky karara gelendigini aýtdy hem-de ony bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha söz berildi. Ol Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga şatdygyny aýdyp, bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we mongol halkynyň mähirli salamyny ýetirdi.
Mongol Lideriniň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýanyň halklary meşhur şahyr we akyldar, türkmen edebiýatyny esaslandyryjy, dünýä edebiýatyna, Gündogar siwilizasiýasynyň ösüşine ägirt uly goşant goşan Magtymguly Pyraga belent sarpa goýýarlar. 2023-nji ýylda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda Kararyň kabul edilmegi hem-de onuň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi söz ussadynyň dünýä derejesinde beýik şahyr hökmünde ykrar edilýändiginiň güwäsidir.
Mongoliýanyň Prezidenti sözüni dowam edip, Magtymgulynyň köp ýurtlara syýahat edendigini, olaryň medeniýetlerini, däp-dessurlaryny öwrenendigini, munuň bolsa şahyryň giň dünýägaraýşynyň kemala gelmegine täsir edendigini belledi. Beýik şahyryň öz halky üçin berkarar döwlet, parahat, abadan durmuş baradaky arzuwlary häzirki wagtda hasyl boldy. Munuň özi Türkmenistanyň halky üçin tükeniksiz buýsanç çeşmesi bolup, şahyryň eserlerinde öňe sürlen belent taglymlar Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Şeýle-de akyldar öz eserlerinde tebigat gözelligini, bedewleri wasp edipdir. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, türkmenleriň hem mongol halkynyňky ýaly gadymy taryhy bar, olar ynsanyň wepaly hemrasy bolan bedewlere uly sarpa goýýar.
Şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleri häzirki türkmen döwletiniň okgunly ösüşiniň nyşany bolup durýar. Türkmenleriň öz bedewlerini milli buýsanç hasaplaýandyklary biziň halkymyza hem mälimdir. Şunda biziň halklarymyzyň mizemez ruhy baglanyşygy aýdyň ýüze çykýar. Magtymgulynyň döredijiliginde sähralyklarda mesgen tutan çarwadarlar, türkmenleriň ene topraga belent sarpa goýşy, tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak baradaky parasatly ýörelgeler beýan edilýär. Çarwadarlaryň siwilizasiýasynyň ylham çeşmesi tebigata hormat-sarpa bilen garamakdan, onuň berýän nygmatlaryny akylly-başly peýdalanmakdan, ynsan bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy berjaý etmekden ybaratdyr. Munuň özi durnukly «ýaşyl» ösüşiň gözbaşydyr diýip, mongol Lideri belledi. Şu pelsepeden ugur alyp, türkmen şahyrynyň eserlerinde durnukly ösüş taglymlarynyň binýady goýlandyr, şol garaýyşlar adamzadyň ýaşaýşynyň we ösüşiniň esasyny emele getirýär. Magtymguly öz eserlerinde agzybirlik, parahatçylyk baradaky pikirlerini şahyrana setirler bilen dabaralandyrýar diýip, Mongoliýanyň Prezidenti şahyryň «Türkmeniň» atly goşgusyndan setirleri mysal getirdi.
Belent mertebeli myhman sözüni jemläp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşiň hem-de abadançylygyň üpjün edilmegine uly goşant boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistana gelip görmäge çakylygy hem-de wekilçilikli foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Mongoliýanyň Baştutanyna täsirli çykyşy üçin sagbolsun aýdyp, türkmen halkynyň medeni mirasyna, taryhyna goýýan hormat-sarpasy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de ony «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda karara gelendigini habar berdi we belent mertebeli myhmany bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşa söz berildi. Ol çykyşynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we halkara foruma gatnaşýan döwlet Baştutanlaryny mähirli mübärekläp, wekilçilik edýän ýurdunyň adyndan dostlukly arzuwlaryny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, Magtymgulynyň goşgulary we giň dünýägaraýşy diňe bir onuň dogduk mekanynda däl, eýsem, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän ähli türki halklarda-da şamçyrag bolup şöhle saçýar. Dana Pyragy şygyrlarynda watansöýüjiligi wasp edipdir. Onuň giň dünýägaraýşy bilen baýlaşdyran eserlerinde ösen medeni-durmuşy, ruhy gymmatlyklar şöhlelendirilipdir. Ol Hoja Ahmet Ýasawynyň edebi mirasyny dowam etdirip, türki dünýäniň agzybirligi we parahatçylygy ugrunda tagalla edipdir. Magtymguly Pyragy Ýer ýüzüniň halklaryny ruhy taýdan birleşdirýän şahsyýetdir. Häzirki wagtda türkmen akyldarynyň pähim-parasadyna, baý edebi mirasyna dünýä guwanýar, ony içgin öwrenýär. Dürli ýurtlarda, şol sanda Türkiýe Respublikasynda hem Magtymgulynyň heýkeli oturdyldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigini hem bellemek gerek.
Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň baky şöhrata beslenen ady diňe bir türkmen edebiýatynyň däl-de, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhyna hem müdimilik ýazyldy. Aradan üç asyr wagtyň geçendigine garamazdan, şahyryň döreden eserleri bu gün öz ähmiýetini ýitirmän, biziň öňümizde bütin beýikligi bilen örboýuna galýar, adamlary ynsanperwerlige, dostluga çagyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Numan Kurtulmuşa täsirli çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň Türkiýede giňden öwrenilýändigini, Ankara şäherinde şahyryň heýkeliniň açylandygyny, köp sanly çäreleriň geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi. Biz ýakynda türkmen we türk halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, akyldar şahyrymyzyň mirasyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlary üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylagladyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysyna türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa söz berildi. Ol bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda türkmen halkynyň beýik şahyry, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tutulýan toýlaryň toýlara ulaşýandygyny belledi. Dünýäniň çar künjeginiň dostlukly ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň, ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilýän halkara forum Gündogar edebiýatynyň ägirt söz ussady hökmünde ykrar edilen beýik şahyrymyzyň toý-dabaralaryny has-da beýgeldýän möhüm ähmiýetli wakalaryň biridir.
Bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň nesillere miras galdyran ajaýyp eserleri indi üç asyrdan bäri halkymyzy, eziz Watanymyzy dünýä tanadyp gelýän gymmatly mirasymyzdyr. Gündogaryň beýik akyldary baryp XVIII asyrda halklary dost-doganlyga, raýdaşlyga çagyran parahatçylyk söýüji şahyr hökmünde tanaldy. Beýik şahyryň edebi mirasy hut şu günki gün hem Ýer ýüzüniň ähli döwletleriniň arasynda hoşniýetli, ysnyşykly hyzmatdaşlygy berkitmegi dowam etdirýär. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň kalbynda-da müdimilik orun alan umumadamzat şahyrydyr. Häzirki wagtda şahyryň ömrüni, döredijiligini çuňňur öwrenmek, dünýä ýaýmak babatda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we oňa agza döwletleriň, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň uly goldawyna eýe bolýar.
2023-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň ÝUNESKO-nyň agza döwletleriniň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamanyň halkara sanawyna ýurdumyzyň iň gymmatly ýazuw ýadygärligi hökmünde girizilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän halkara seneleriň sanawyna goşulmagy munuň aýdyň mysalydyr diýip, Ç.Rustemowa belledi. ÝUNESKO bu resminamalar arkaly Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini içgin öwrenip, şahyryň eserlerinde öňe sürülýän raýdaşlyk, jebislik, ahlaklylyk, deňhukuklylyk ýaly garaýyşlaryň bu guramanyň häzirki wagtda durmuşa geçirýän ynsanperwer ýörelgelerine doly laýyk gelýändigine ünsi çekip, şahyryň ösen dünýägaraýşyna ýokary baha berdi.
Nygtalyşy ýaly, Magtymguly Pyragy bütindünýä şygryýet äleminiň baýlaşmagynda çäksiz hyzmatlary bitiren beýik söz ussady, nusgawy we akyldar şahyr, halkara edebi giňişlikde öçmejek yz galdyran belent şahsyýet hökmünde adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen milli buýsanjymyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli mirasymyzy gorap saklamak, onuň halkara derejedäki ornuny beýgeltmek babatda ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Diýarymyzyň taryhy, tebigy, medeni we ýazuw ýadygärlikleriniň 20-den gowragynyň ÝUNESKO-nyň halkara sanawlaryna goşulmagy, bu guramanyň medeniýet, bilim, ylym, sport, daşky gurşawy goramak we ýaşlar syýasaty ugurly halkara taslamalarynyň Türkmenistanyň çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzyň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny has-da berkidýär.
Ç.Rustemowa pursatdan peýdalanyp, milli mirasymyzy gorap saklamak, Magtymguly Pyragynyň eserlerini bütin dünýä ýaýmak ugrunda edýän bimöçber tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Ç.Rustemowa manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmeginiň we onuň 300 ýyllyk ýubileýiniň ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawynda orun almagynyň beýik söz ussadyna goýulýan uly hormaty görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi we Türkmenistanyň geljekde hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge möhüm ähmiýet berjekdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz halkara forumy jemläp, bu günki maslahatda çuň manyly çykyşlaryň diňlenilendigini hem-de olarda öňe sürlen teklipleriň geljekde halklarymyzyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge, parahatçylygy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz forumyň Magtymgulynyň adynyň we eserleriniň halklary hem-de döwletleri birleşdirýändigini aýdyň görkezendigini aýdyp, onuň özara gatnaşyklarda täze sahypany açjakdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, foruma gatnaşyjylaryň ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň öz işini tamamlaýandygyny aýtdy. Umumy mejlisiň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.