Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Geňeşinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «biziň garaýşymyz boýunça, ýakyn ýyllarda, ilkinji nobatda, ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, Bütindünýä derejesinde durnukly ösüşleri gazanmak maksady bilen, Arkalaşygyň senagat, ätiýaç we tehnologik mümkinçiliklerinden bilelikde peýdalanmak wezipesi durandyr» diýip belledi.

Sebitde ulag infrastrukturasynyň ösüşi hakynda gürrüň etmek bilen döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitinde Arkalaşygyň ýewropa çykýan ugurly ulag-logistik düzümiň döredilmegi boýunça birnäçe teklipleri we başlangyçlary öňe sürýändigini aýtdy.  

2022-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleriniň Halkara maslahaty geçiriler. Bu mesele GDA döwletleriniň aglabasyny gyzyklandyrýar. 

Döwletleriň GDA-nyň çäklerindäki we Merkezi Aziýa sebitindäki hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti bütindünýä howpsuzlygyny, halkara hukugynyň kadalaryny hem-de BMG-niň düzgünnamalaryny goramagy nygtady. Dünýä syýasatyna hukuklara sarpa goýmagyň, gepleşikler medeniýetiniň, ynanyşmagyň we döwletara gatnaşyklarynda aýdyňlygyň gaýdyp berilmegi möhümdir diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ahyrynda Aşgabatda «Parahatçylyk syýasaty we ynanyşmak — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň özeni» atly Halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Berdimuhamedow GDA agza döwletleri bu maslahata gatnaşmaga çagyrdy. 

Bilelikdäki çözgüdi talap edýän meseleleriň biri hökmünde döwlet Baştutanymyz COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmegi hem-de onuň durmuş-ykdysady täsirlerini azaltmagy belledi. Türkmenistanyň Prezidenti umumy çemeleşmeleri we usullary işläp taýýarlamak maksady bilen has netijeli lukmançylyk jemgyýetlerini döretmegiň  zerurdygyny nygtady.

Şeýle hem GDA agza döwletleriň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek wajyp orunda durýar. Biz ýola goýlan gatnaşyklary saklamagy, berkitmegi we täze görnüşde ösdürmegi berk maksat edinýäris diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.