9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanda ähli ulgamlarda, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünliklere guwanýandygyny aýtdy hem-de bu işleriň türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýratyn belledi.

Ahmet Çalyk Türkmenistanda dürli maksatly we uly ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Işewür şu gün açylyp ulanmaga berlen Halkara sagaldyş-dikeldiş we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň gurluşygynyň “Çalyk Holding” kompaniýasyna ynanylmagynyň özleri üçin uly mertebedigini buýsanç bilen belledi hem-de Milli Liderimizi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bu döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň açylmagy bilen gutlady.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda geçirilýän möhüm ähmiýetli dabaralara gatnaşmaga gelendigi üçin işewüre minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistan hyzmatdaş ýurtlary we kompaniýalar bilen özara gatnaşyklary deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbidini nazara almak ýörelgeleri esasynda ýola goýýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda işleýän türk kompaniýalarynyň, hususan-da, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyna üns çekildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan taslamalarda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere, innowasion tehnologiýalara we ykdysady taýdan netijeli çözgütlere uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň Türkmenistandaky taslamalarda mundan beýläk-de täze tehnologiýalary, ýokary öndürijilikli enjamlary işjeň ulanjakdygyna ynam bildirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ahmet Çalyk bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi