Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä pul gaznasynyň maslahatyna gatnaşmaga çagyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 7-nji oktýabrda Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şeýle ýokary derejeli maslahatlara gatnaşmaga döredýän mümkinçilikleri we hemmetaraplaýyn goldawlary üçin Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hoşallygyny ýetirmegi Halk Maslahatynyň Başlygyndan haýyş etdi.

Häzirki wagtda agzalan sapara ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bellenilişi ýaly, Bütindünýä pul gaznasynyň nobatdaky maslahatynda ekologiýa, “akylly” şäher konsepsiýasy, lukmançylyk we oba hojalyk klasterlerine maýa goýum serişdelerini gönükdirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Bu iri maslahatda Arkadag şäheriniň maýa goýum maksatnamasy, maslahat beriş ulgamy we ynsanperwerlik goldawlary ýaly ugurlar boýunça pikir alyşmalar hem bolar.

Halk Maslahatynyň Başlygy Bütindünýä pul gaznasynyň nobatdaky maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belledi. Bütindünýä pul gaznasynyň Arkadag şäheriniň mundan beýläk-de ösdürilmegine, onuň çäklerinde tutuş dünýä ähmiýetli önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna maýa goýum serişdelerini gönükdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy. Munuň özi Arkadag şäheriniň ýokary ekologik derejesiniň, bu ýerde ösen tejribeleriň, täzeçil tehnologiýalaryň netijeli ulanylýandygynyň ykrarnamasydyr.

Gahryman Arkadag Bütindünýä pul gaznasynyň nobatdaky maslahatynda Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň derejesiniň we ähmiýetiniň doly görnüşde beýan edilmelidiginiň, onda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň häzirki zamanyň ösen tejribesine, ýokary halkara görkezijilere laýyk amala aşyrylmalydygynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäherde gurulýan desgalaryň gurluşygynda we olaryň timarlaýyş, bezeg işlerinde ýokary hilli serişdeleriň ulanylmalydygyny belledi. Şol serişdeleriň ýurduň howa şertlerini, ekologik, bezeg ýagdaýlaryny nazara almak bilen, olaryň berkligi, amatlylygy göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydygy aýdyldy.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi