2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň binasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa topara başlyklyk edýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Galymžan Koýşybaýew hem-de toparyň agzalary gatnaşdylar.
Mejlisde, hususan-da, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulag, maliýe, oba we suw hojalygy, gurluşyk, medeniýet, syýahatçylyk, ylym-bilim ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna syn berildi.
Türkmen tarapynyň ýolbaşçysy Gazagystanyň Merkezi Aziýada Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşlarynyň biridigine ünsi çekdi. Munuň şeýledigini bu iki ýurduň arasyndaky özara haryt dolanyşygynyň oňyn ösüş depgini-de aýdyň tassyklaýar.
Gazak wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistanyň hem Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça çalt depginde ösýändigini nygtady. Iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklar, beýleki özara saparlar munuň üçin esasy binýat bolup çykyş edýär.
Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda netijeli gepleşikler geçirildi. Munuň özi dürli ugurlary öz içine alýan halkara hyzmatdaşlygyň hil babatda täze derejä çykmagyna giň ýol açýar.
Bellenilişi ýaly, iki doganlyk ýurt özara gatnaşyklary ösdürmek bilen, goňşy döwletleriň halkara giňişlige çuňňur aralaşmagyna zerur şertleri döredýär. Şunda hökümetara toparyň işiniň möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy. Doganlyk ýurtlaryň wekilleri özara tejribe alyşmak, ylmyň täze gazananlaryny we häzirki zamanyň sanly tehnologiýalaryny özleşdirmek ugrunda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekdiler.
Mejlisiň ahyrynda degişli Teswirnama gol çekildi.
Çeşme: Türkmenmetbugat