Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 4-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 102,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 103,1 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň öndürilişi 144,4 göterime, nah matalar 128,4 göterime, tikin we trikotaž önümleri 100,3 göterime, gön önümleri 124,6 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,2 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 225 birža söwdasy geçirilip, olarda 21 müň 378 şertnama hasaba alyndy. Dokuz aýda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe sergileriň 17-si, maslahatlaryň 96-sy geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109,5 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini 104 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary hilli harytlary öndürmek boýunça alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan harytlaryň eksportyny artdyrmak babatda zerur işleri geçirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

 

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi