2024-nji ýylyň 3–5-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy» («CIET-2024») halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alynýar.
Çäräni Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni we Türkmenistanyň beýleki pudaklary ýaly esasy döwlet edaralary guraýar.
Maslahatyň maksady – gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy, senagat we himiýa senagaty ýaly möhüm pudaklarda wajyp meseleleri we taslamalary ara alyp maslahatlaşmakdyr. Çäräniň dowamynda bu ugurlara täze maýa goýum taslamalaryna üns berler. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna bagyşlanan mejlis aýratyn gyzyklanma döredýär, onda lukmançylyk we gaýtadan işleýän kalsterler ara alnyp maslahatlaşylar.
Çäre Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky kararyna laýyklykda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlandy. Bu baýram gurluşyk, energetika, himiýa we senagat pudaklarynyň hünärmenleriniň päk ýürekli we yhlasly zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen döredildi. Olaryň goşýan goşandy bu pudaklary ösdürmäge, ylmy-tehniki innowasiýalara esaslanýan önümçiligiň we hyzmatlaryň möçberini artdyrmaga, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze üstünlikleri gazanmaga gönükdirilendir.
«CIET-2024» halkara maslahaty we sergisi erkin senagat zolaklaryny döretmek we türkmen döwlet guramalarynyň halkara maliýe guramalary hem-de kompaniýalary bilen özara gatnaşygy barada pikir alyşmak, gurluşyk we energetika pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin meýdança bolar. Maslahat şeýle hem senagatyň ösüşine ýardam etmäge we sebitiň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmäge niýetlenendir, bu bolsa ahyrky netijede Türkmenistanyň we goňşy ýurtlaryň halkara derejesinde ornuny berkitmäge ýardam edýär.
«CIET-2024» halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmagy wekillere Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gurluşyk we düzümleri dolandyrmak ýaly esasy pudaklaryna maýa goýum mümkinçiliklerine has gowy düşünmäge, şeýle hem uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.