Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 16 geleşik hasaba alyndy.  Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 27 million 317 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň, Gonkongyň, Kipriň we beýleki döwletleriň telekeçileri Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suw arkaly arassalanan dizel ýanyjyny, uçar kerosinini satyn aldylar.  

Şeýle hem daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň täjirlerine boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň dürli görnüşleri hem-de float aýna listleri ýerlenildi. 

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler tarapyndan umumy bahasy ABŞ-nyň 49 müň dollaryna deň bolan portlandsement satyn alyndy.