Sentýabryň 25-ne paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň dakylandygy baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin ýurdumyzyň raýatlarynyň bir topary Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglanyldy, şeýle hem ildeşlerimiziň birnäçesi «Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy», «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri», «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň halk bagşysy», «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti», «Türkmenistanyň durmuş hyzmaty çygrynyň at gazanan işgäri» diýen hormatly atlara mynasyp boldular.

Watandaşlarymyzyň sarpalanylmagy ýurdumyzda durmuş tejribesini, bilimini we zehinini Watana gulluk etmäge bagyşlan öz işiniň ussatlaryna hormat bilen garalýandygynyň aýdyň güwäsidir. Hut şeýle maksada okgunly, zehinli, wezipe borçlaryny nusgalyk derejede ýerine ýetirýän, döwlete peýda getirmäge çalyşýan raýatlarymyz ýaş nesil üçin görelde mekdebidir. Şoňa görä, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesli milli gymmatlyklara, däp-dessurlara, taryhy mirasa hormat goýmak, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, edermenlik, mertlik ruhunda terbiýelemekde, olara bilim bermekde bitiren uly hyzmatlary üçin “Zenan kalby” ordenine mynasyp bolan zenanlaryň, “Hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly at dakylan ýaşuly nesliň wekilleriniň goşandy aýratyn bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça dabaralara Mejlisiň wekilleri, Hökümet agzalary gatnaşdylar. Olar ýygnananlary ýetip gelýän şanly baýram — ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutladylar hem-de bagtyýarlyk, rowaçlyk, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze sepgitleri, döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Şu gezekki dabaralara gatnaşyjylar mynasyp bolan sylaglaryny çuňňur buýsanç we tolgunma duýgusy bilen kabul edip, öz çeken zähmetine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olar hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ähli güýç-gaýratyny, ukyp-başarnyklaryny Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, döwlet özbaşdaklygyny, milletiň agzybirligini hem-de jebisligini, jemgyýetde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga bagyşlajakdyklaryna ynandyrdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi