Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda şu ýylyň 9 aýynda gazanylan netijeleriň jemi jemlendi. Mejlisde Prezident Maksatnamalarynyň we ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine garaldy.
Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdarowyň hasabatynda degişli döwürde milli ykdysadyýetiň ösüş netijeleri hakynda aýdyldy. Ministr şu ýylyň 1-nji oktýabryna çenli görkezijä laýyklykda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 109,2 göterime, çykdajy böleginiň bolsa 98,1 göterime deňdigini belledi.
Hasabat döwründe kadalaşdyryjy toparyň Aşgabat şäherinde we onuň sebitlerinde birnäçe mejlisi geçirildi.
Ýubileý ýylynyň 9 aýynda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 81-i hususylaşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet býujetine 368 million 356 müň 908 manat möçberinde serişde geçirildi. Döwlet emläginiň kireýne berilmeginiň hasabyna döwlet býujetine 146 million 969 müň 200 manat girdeji girdi.
Ministr şu ýylyň üç çärýeginiň netijesi boýunça JIÖ bilen baglylykda, milli ykdysadyýet ulgamyna maýa goýumlaryň möçberiniň 16,2 göterim artandygyny belledi.
2021-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat bermek bilen М.Serdarow şu ýylyň 9 aýynda önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna gönükdirilen maýa goýum serişdeleriniň 49,2 göterim, durmuş-medeni ulgama gönükdirilen maýa goýum serişdeleriniň bolsa 50,8 göterim özleşdirilendigini aýtdy.
Şeýle hem ministriň hasabatynda milli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça işlere aýratyn üns çekildi. 9 aýyň içinde döwlet goýumlarynyň 1 milliard 764 million 389 müň manatlyk möçberi özleşdirildi.