Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow düýn geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmegi zerur hasaplaýandygyny we bu konsepsiýa iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalary, daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim boljakdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynda belleýşi ýaly, maliýe bazaryny ösdürmek, telekeçiligiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmak hem döwrüň talabydyr. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň berk binýady bolan pul-karz, walýuta, maliýe we salgyt-býujet ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle hem ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleri öndürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde, döwrebap senagat kärhanalaryny, şäherdir obalary gurmakda telekeçilerimiz uly işleri alyp barýarlar.

– Şoňa görä-de, 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasynyň hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Milli Maksatnamasynyň kabul edilmegini, şeýlelikde, ýurdumyzy ýokary depginde ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berilmegini möhüm wezipeleriň biri hasap edýärin diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi