«Нейтральный Туркменистан» gazetinde Türkmenistanda «Syýasat we jemgyýet» atly ylmy-nazary žurnalyň 8-nji sanynyň neşir edilendigi habar berilýär. Žurnal Ministrler Kabinatiniň ýanyndaky Baş arhiw edarasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çap edilýär. 

«Syýasat we jemgyýet» žurnalynyň bu sanynda Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatyny açyp görkezýän dürli statistiki we seljerme makalalar hem-de materiallar ýerleşdirilendir.

Žurnalyň nobatdaky sanynyň esasy temasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, 2019-njy ýylda Halk Maslahatynyň 2-nji mejlisinde döwlet Baştutanynyň teklibi bilen badalga berlen ýurtda hukuk özgertmeleriniň täze tapgyrynyň amala aşyrylmagy bilen bagly boldy. Bu tema boýunça makalalar «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany», «Halkara gatnaşyklar» we «Döwlet ― adam üçindir!» atly rubrikalar astynda ýerleşdirildi. 

«Syýasat we jemgyýet» žurnaly türkmen we rus dillerinde giň okyjylar köpçüligine ― alymlaradyr syýasatçylara, syýasy we jemgyýetçilik partiýalarynyň ýolbaşçylaryna, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynadyr mugallymlaryna, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryna ýetirilýär. Bu neşir döwrebap Türkmenistanyň taryhy we syýasy durmuşy bilen gyzyklanýanlar üçin gymmatly çeşmedir.