Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň we BAE-niň telekeçilerine jinsi matasy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 35 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 123 million 675 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem float aýnasyny we pagta süýümini satyn aldylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi