Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Arkadag şäherinde  täze jaýlara göçüp gelmegiň hormatyna köpçülikleýin jaý toýlarynyň  geçirilmegine taýýarlyk görülýär. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 22-nji sentýabrda Arkadag şäherine amala aşyran nobatdaky iş saparynyň barşynda geçiren iş maslahatynda şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň häzirki döwürde öňde boljak şanly senelere taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan işler baradaky hasabatynda aýdyldy. 

Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty diňläp, öňde boljak şanly seneleri, şol sanda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak çäreleri ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belläp, guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň, täze şäheriň ösüş depginleriniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşlerine bolan gyzyklanmalaryny ösdürmek meseleleriniň ünsden düşürilmeli däldigi bellenildi. Sportuň medeni çäreler bilen utgaşdyrylmagynyň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi bilen bir hatarda, halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda, ýaşlary täze ýeňişlere, uly üstünliklere ruhlandyrmakda ähmiýetlidigi, şunda şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralaryň, jaý toýlarynyň täsirli wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý bolmalydygy barada hem aýdyldy.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bina edilen şäheriň ösüşinde häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyny hem belledi. 

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi