Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi.

Şu günler şäheriň çäklerinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Arkadag şäherinde alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň oňyn netijeleri nurana köçelerde, seýilgählerde, döwrebap desgalaryň ýanaşyk ýerlerinde has aýdyň görünýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we şäheriň häkimi G.Mämmedowa bu ýerde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň söwda merkeziniň, özboluşly bezeg aýratynlyklary bolan myhmanhananyň, döwrebap dynç alyş seýilgähiniň, ähli amatlyklary özünde jemleýän köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, şypahananyň, maglumat tehnologiýalary boýunça umumybilim berýän merkeziň, işewürlik merkeziniň, Oba hojalyk uniwersitetiniň şekil taslamalary bar.

Şeýle hem bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän saglyk seýilgähiniň şekil taslamasy, seýilgähiň, şäheriň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän dürli baglaryň, gülleriň, seýilgähde goýulmagy meýilleşdirilýän oturgyçlaryň we germewleriň görnüşleri, elektron enjam arkaly dolandyrylýan mehaniki haly sergileýiş ulgamynyň şekilleri görkezildi.

Milli Liderimiz desgalaryň şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Täze şäheriň çäklerindäki desgalaryň “akylly” şäher konsepsiýasynyň talaplaryna laýyk derejede bina edilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz medeni-durmuş maksatly binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, olaryň keşbinde desgalaryň ähmiýetine laýyk gelýän bezeg serişdeleriniň ulanylmalydygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze binalaryň we desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Şunda binalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, bu künjegiň tebigy aýratynlyklarynyň, ekologik ýagdaýynyň göz öňünde tutulmagy möhüm talap bolup durýar. Şular barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz käbir taslamalaryň täzeden işlenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Aýratyn-da, Oba hojalyk uniwersitetiniň binalarynyň daşky bezeg işlerine wajyp ähmiýet berilmelidir. Ýokary okuw mekdebiniň okuw otaglarynyň, beýleki desgalarynyň, tejribe-ekerançylyk bölümleriniň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi möhüm talap hökmünde kesgitlenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň seýilgähiniň çäklerinde we ýol ýakalarynda ekiljek baglaryň, gülleriň bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmegi, olara ýola goýuljak ideg işleri bilen baglanyşykly meseleleriň ylmy esasda öwrenilmelidigini aýtdy. Şunda germewleriň, beýleki bezeg serişdeleriniň döwrebaplygyna zerur üns berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz binalaryň içinde bezeg serişdeleri bilen owadan görnüşli halylaryň sazlaşykly ulanylmalydygyny tabşyrdy.

Alym Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän mehaniki haly sergileýiş elektron enjamynyň döwrebap derejede ulanylmagyna, onda sanly tehnologiýalaryň, täzeçil usullaryň işjeň peýdalanylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.


Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

D.Orazow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň çäklerinde duşuşyklar geçirilip, olarda Arkadag şäherini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler, maýa goýum serişdelerini çekmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny çaltlandyrmak, binalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde şäheriň önümçilik maksatly desgalarynyň, lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygyna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna maýa goýum serişdelerini çekmek boýunça alnyp barylýan işler netijeli dowam etdirilmelidir. Täze şäheriň ähli görkezijiler babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belläp, Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işlerde ösen tejribeleriň ulanylmalydygyny, gurluşyk serişdeleriniň berkligine, uzak möhletleýinligine üns berilmelidigini aýtdy we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. 

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, şanly seneleri ýokary derejede dabaralandyrmak babatda görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleriň hormatyna guraljak dabaralaryň medeni maksatnamasy taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, Arkadag şäheriniň ähli künjegini şanly seneleriň hormatyna guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler gurşap alar.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi, Garaşsyzlyk baýramy, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak medeni çäreleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dabaralandyrylmalydygyny belledi. Aýratyn-da, şanly senelere taýýarlyk görülýän günlerde şäheriň çäklerinde degişli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri yzygiderli geçirilmelidir. Şunda jemagat hojalygy edaralarynyň işi sazlaşykly ýola goýulmalydyr.

Arkadag şäheriniň “ýaşlaryň şäheri” diýen derejesinden ugur alyp, täze şäheriň ýaşlarynyň watansöýüjilik, milli däp-dessurlara wepalylyk ruhunda terbiýelenilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesilleriň şähere bolan söýgüsini pugtalandyrmak, olaryň edep-terbiýeli bolmagyny gazanmak ugrunda bilelikdäki tagallalaryň ýola goýulmalydygyny belledi. Türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň ýaşlaryň aňyna berk ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtap, alym Arkadagymyz bu işde bilim işgärleri bilen bir hatarda, ýaşulularyň hem bilelikdäki wagyz-nesihat işlerini yzygiderli guramagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz täze şäherde ornaşdyrylan sanly tehnologiýalaryň kämilleşdirilmegine we baýlaşdyrylmagyna toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Şol bir wagtyň özünde şäheriň täze gurulýan binalaryna häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, döwrebap usullaryň özleşdirilmegine zerur üns berilmelidir.

Gahryman Arkadagymyz şäheriň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende galýandygyny aýdyp, Arkadag şäheriniň Koreýa Respublikasynda geçirilen “World Smart City Expo” atly halkara sergide üç ugur boýunça ýörite baýraklara mynasyp bolmagynyň munuň aýdyň güwäsidigini belledi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi babatda tabşyryklary berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleriň degişli derejede ýerine ýetirilmeginiň şäherleriň keşbini özgertmek we halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin oňyn şertleri üpjün edýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz hemmelere öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek babatda alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi