Sentýabryň 14-ne Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi.

Ýurdumyzyň baş baýramy – Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitleriniň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Şu gezekki maslahat dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýakyn gatnaşyklaryň hem-de olaryň ata Watanymyzda geçirilýän giň gerimli çärelere işjeň gatnaşmagynyň döwletimiz tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Maslahatyň öňüsyrasynda halkymyzyň baý medeni mirasynyň, geçmişiniň we özboluşly däp-dessurlarynyň köpöwüşginligini görkezýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty açyk diýip yglan edildi.Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi maslahatyň dabaraly böleginiň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Soňra maslahatyň gün tertibi biragyzdan tassyklanyldy. Onda ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe DTYB-nyň işiniň geljekki ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak öz beýanyny tapdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşýanlary Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatynyň öz işine başlamagy bilen gutlap, döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahatyň ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy pugtalandyrmakda, dünýä türkmenlerini bir supranyň başynda has-da jebisleşdirmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, türkmen halkynyň baý medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny, taryhyny, edebiýatyny we dilini wagyz etmekde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine möhüm orun degişlidir. Bu birleşik dünýä türkmenlerini jebisleşdirmek ugrunda zerur tagalla edýän abraýly gurama öwrüldi. Doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da jebisleşdirmekde, ykdysady, medeni, ylym we bilim, saglygy goraýyş, telekeçilik ýaly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy has-da ýaýbaňlandyrmakda, aýratyn hem halkymyzyň baý ruhy we medeni mirasyny wagyz etmekde ägirt uly işleriň garaşýandygy bellenildi.

Maslahatyň dowamynda halkymyzyň abadançylygyny we Watanymyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar hem-de dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegini şertlendirýän ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri halkara taslamalar barada wekiliýet agzalaryna giňişleýin maglumat berildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 14-sinde, hususan-da, Russiýa Federasiýasynda, Beýik Britaniýada, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Şwesiýada, Ukrainada, Owganystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystany Patyşalygynda, Pakistan Yslam Respublikasynda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 sany bölümi hereket edýär.

Germaniýadan, Owganystandan, BAE-den, Türkiýeden gelen wekiller DTYB-nyň daşary ýurt bölümleriniň işi barada gürrüň berip, häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň däp bolan dostluk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary we dürli ulgamlarda daşary döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmekde tagallalaryny görkezýändigini buýsanç bilen bellediler.

Maslahatyň wekiliýet agzalary ata-babalarymyzyň ynsanperwer däplerine çuňňur hormat goýýandyklary, daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenlere berýän goldaw-kömekleri, şol sanda, birnäçe doganlyk döwletlerde ýurdumyzyň serişdeleriniň hasabyna durmuş maksatly desgalary, hususan-da, mekdepleri gurduryp berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyk bildirdiler.

Çykyşlarda ýurdumyzyň çäginden daşarda hem giňden tanalýan abraýly halkara gurama bolan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynyň doganlyk gatnaşyklary we raýdaşlygy berkitmekde, ählumumy parahatçylygyň we gülläp ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde uly ähmiýeti boljakdygy bellenildi.

Soňra birleşigiň agzalaryny Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

DTYB-nyň XXV maslahatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Onda gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy bilen gutlap, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň we halkara abraýynyň pugtalandyrylmagynyň, milletimiziň ruhy taýdan galkynmagynyň hatyrasyna alyp barýan ýadawsyz tagallalary hem-de daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň alyp barýan işlerine ägirt uly üns berýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi