Garaşsyzlygyň 30 ýylynyň içinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine goýlan maýa goýumlaryň möçberi 200 milliard dollardan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda bellenilýär.

Goýum serişdeleriniň 60 göterimden gowragy ýurduň senagat ulgamynyň ösüşine gönükdirildi. Şunda daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberiniň 15 göterime barabardygy barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, häzirki wagtda ýurduň maliýe durnuklylygy Durnuklylygy sazlaýjy gaznanyň serişdeleriniň hasabyna üpjün edilýär.