Ge­çen hep­de­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 37-si ha­sa­ba alyn­dy.
Habarda bellenilişi ýaly, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Öz­be­gis­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy, uçar ke­ro­si­ni­ni, aw­to­ben­zi­ni, bin­ýat­lyk ýa­gy, gid­ro usul­da aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny, Tür­ki­ýä­niň, Pa­kis­ta­nyň, BAE-niň, Öz­be­gis­ta­nyň, Ow­ga­nys­ta­nyň işe­wür­le­ri «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len ECO-93 ky­sym­ly aw­to­ben­zi­ni, kar­ba­mi­di sa­tyn al­dy­lar.
Şeýle hem da­şa­ry ýurt pu­lu­na Hy­ta­ýyň, BAE-niň, Ga­za­gys­ta­nyň, Uk­rai­na­nyň te­le­ke­çi­le­ri­ne dok­ma se­na­ga­ty önüm­le­ri, nah ýüp­lük, aras­sa­la­nan nah ýüp­lü­giň ga­lyn­dy­la­ry ýer­le­nil­di. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 76 mil­lion 375 müň dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.
Ýur­du­ň işe­wür­le­ri içer­ki ba­zar üçin je­mi ba­ha­sy 9 mil­lion 68 müň ma­nat­dan gow­rak bo­lan po­lip­ro­pi­le­ni («Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni), te­kiz bo­ýa­lan, žak­kard tüý­jü­mek önüm­le­ri, nah ýüp­lü­gi, gu­ry pi­lä­ni sa­tyn al­dy­lar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi