10-11-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde Maýa goýum forumy, Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat we ugurdaş sergiler üstünlikli geçirildi. Maýa goýum forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we kärhanalary bilen daşary ýurtly kärdeşleriniň arasynda jemi 9 sany Ähtnama, 5 sany Ylalaşyga, 8 sany şertnama gol çekişmek dabarasy boldy. Halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, daşary ýurt hökümet we döwlet edaralarynyň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri bilen 80-den gowrak duşuşyk guraldy. Olaryň barşynda ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň mümkinçilikleri, özara bähbitli gatnaşyklaryň ugurlary barada pikir alşyldy. Bular barada 13-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň bu halkara forumyň netijeleri bilen baglylykda döwlet Baştutanyna beren hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Maýa goýum forumyna 44 ýurtdan, şol sanda halkara guramalaryň 22-siniň, daşary ýurt döwlet edaralarynyň we kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maksatnama laýyklykda, forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ösüşine we halkara başlangyçlaryna bagyşlanan ykdysadyýet, ulag-aragatnaşyk, nebitgaz we energetika meseleleri boýunça plenar mejlisleriň 3-si, ykdysadyýetiň dürli möhüm ugurlary boýunça mejlisleriň 7-si hem-de “tegelek stoluň” başyndaky maslahatlaryň 4-si geçirildi.
Türkmenistanyň wekilleri öz çykyşlarynda milli ykdysadyýetiň pudaklaryndaky maýa goýum mümkinçilikleri, durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan taslamalar, döredilen amatly maýa goýum gurşawy, şeýle hem halkara tejribä laýyklykda, maýadarlar üçin döredilýän hukuk, maliýe-ykdysady şertler barada giňişleýin beýan etdiler. Forumda çykyş eden daşary ýurtly bilermenler, iri halkara guramalaryň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanýandygyny we öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny bellediler.
Forumyň wekilleri sanly ulgam arkaly Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda nebit-gaz, energetika, ulag-logistika we aragatnaşyk pudaklaryna degişli iri maýa goýum taslamalarynyň açylyş we gurluşyk işlerine badalga bermek dabarasyna-da gatnaşdylar.
Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehniki parkynda geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahata we sergä ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 28-si, ýerli hususy taraplaryň 58-si hem-de 14 döwletden daşary ýurt kompaniýalarynyň 28-si gatnaşdy. Maslahatyň çäginde “Hi-tech Startup Turkmenistan 2024” atly bäsleşigiň jemlerini jemlemek dabarasy-da boldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň türkmen döwletiniň dünýä jemgyýetçiligi bilen ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze işewür gatnaşyklaryny ýola goýmaga we ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga gowy şert döredendigini belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere ýurtda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.