Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilýär. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada-da aýdyldy. Bu ugurdaky işler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde alnyp barylýar.

Daşary ýurtlaryň parlamentleri, halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş ministrliginiň Sebitleýin ösüş müdirliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi. Mejlisiň deputatlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň wekilleri bilen duşuşyklary guraldy. Şeýle hem parlamentiň ýolbaşçysy deputatlaryň döwlet syýasatyny, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halkymyza düşündirmek, Halk Maslahatynyň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada geçirilýän wagyz-nesihat çärelerine gatnaşýandyklary, Garaşsyzlygyň 33 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikleri barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýändiklerini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalary işlenip taýýarlananda olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny belledi. Kanunlar döwletimiziň alyp barýan netijeli syýasatyny görkezmelidir, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döretmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we olaryň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek işlerini dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen maýa goýum forumynyň, Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň we ugurdaş sergileriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, maýa goýum forumyna 44 ýurtdan, şol sanda halkara guramalaryň 22-sinden, daşary ýurt döwlet edaralarynyň we kompaniýalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar. Maksatnama laýyklykda, forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ösüşine we halkara başlangyçlaryna bagyşlanan ykdysadyýet, ulag-aragatnaşyk, nebitgaz, energetika meseleleri boýunça umumy mejlisleriň 3-si, ykdysadyýetiň möhüm ugurlary boýunça mejlisleriň 7-si, “tegelek stoluň” başyndaky maslahatlaryň 4-si geçirildi. Türkmen tarapynyň wekilleri öz çykyşlarynda milli ykdysadyýetiň pudaklaryndaky maýa goýum mümkinçilikleri, durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan taslamalar, döredilen amatly maýa goýum gurşawy, halkara tejribä laýyklykda, maýadarlar üçin döredilýän hukuk, maliýe-ykdysady şertler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Forumda çykyş eden daşary ýurtly bilermenler, iri halkara guramalaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçylary döwletimiziň halkara abraýynyň has-da ýokarlanýandygyny we öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny bellediler.

Forumyň wekilleri Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda nebit-gaz, energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk pudaklaryna degişli iri maýa goýum taslamalarynyň açylyş we gurluşyk işlerine badalga bermek dabarasyna sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Maýa goýum forumynyň çäklerinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we kärhanalary bilen daşary ýurtly kärdeşleriniň arasynda jemi 9 sany ähtnama, 5 sany ylalaşyga, 8 sany şertnama gol çekildi. Halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, daşary ýurtlaryň döwlet edaralarynyň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen 80-den gowrak duşuşyk guraldy. Olaryň barşynda ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň mümkinçilikleri, özara bähbitli gatnaşyklaryň ugurlary barada pikir alşyldy.

Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahata hem-de sergä ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 28-si, ýerli hususy taraplaryň 58-si, 14 döwletden daşary ýurt kompaniýalarynyň 28-si gatnaşdy. Maslahatyň çäginde «Hi-Tech Startup Turkmenistan — 2024» atly bäsleşigiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň paýtagtynda geçirilen maýa goýum forumynyň döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga oňyn şertleri döredendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere ýurdumyzda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda işleri netijeli dowam etdirmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda uglewodorod serişdelerine baý meýdançalary ýüze çykarmak we özleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň sanly ulgam arkaly dolandyrylýan we dürli şertlerde işlemäge mümkinçiligi bolan 3D geofiziki enjamlar toplumy bilen üpjün edilmegi türkmen geologlaryna uglewodorod serişdelerine baý meýdançalary ýüze çykarmaga, anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli teklip hödürlenildi.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, uglewodorod çig mal binýadyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň, pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek hem-de zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmek babatda çäreleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna 3D geofiziki enjamlar toplumyny ornaşdyrmak baradaky teklibini goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatlarda bugdaý ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ekiş möwsüminde önüm öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek boýunça degişli çäreler görülýär. Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzda pagta ýygymyna girişilip, häzirki wagtda bu iş guramaçylykly dowam edýär. Ýygnalýan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, hasyly daşamakda ulanylýan awtoulaglary netijeli işletmek babatda zerur işler ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň maldarçylyk hojalyklarynda oba hojalyk mallaryny talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmek, olary talabalaýyk idetmek, tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak üçin derýalaryň kenarlaryny berkitmek, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlarda bugdaý ekişini bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirmek boýunça degişli çäreleri görmegiň, gallaçy daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmegiň, ekişde ulanylýan tehnikalary doly güýjünde işletmegiň möhümdigini belledi we ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça guramaçylyk işlerini alyp barmagy tabşyrdy.

Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň 16-njy sentýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisini, 19-20-nji sentýabrda “Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler” atly halkara ylmy maslahaty geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geňeşiň mejlisine we halkara ylmy maslahata, degişlilikde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasarynyň, Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň agzalarynyň, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy bilen meşgullanýan hem-de oba hojalyk pudagynyň beýleki ugurlarynda işleýän hünärmenleriň, ylmy işgärleriň, kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyna dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ähmiýetini belledi hem-de GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisini, «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde duran wezipeler» atly halkara ylmy maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyna, Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, baş baýramymyzyň öňüsyrasynda Aşgabady bagy-bossanlyga büremek, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalary abatlamak, ýanaşyk ýerleri, seýilgähleri, baglary, suw çüwdürimlerini abadanlaşdyrmak, bezeg güllerini ekmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Şäheriň baýramçylyk bezegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 4 sany her biri 54 öýli, 9 gatly, 9 sany her biri 36 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we seýilgähiň açylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan taryhy waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda, şol sanda Aşgabatda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerini giňden guramagyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere paýtagtymyzda bezeg we abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisini guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gözden geçirilişi paýtagtymyzdaky "Garagum" myhmanhanasynyň ýanynda geçirmegi meýilleşdirilýär. Onuň açylyş dabarasy 19-njy sentýabrda guralar. Sergide hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýan özgertmeler, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapar. Forumyň çäklerinde döwlet we hususy kärhanalara täze önümleri, geljekki ösüş maksatnamalary, maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak üçin mümkinçilik dörediler. Şeýle hem haly dokamak, dutar ýasamak, küýzegärlik ýaly halk senetçiliginiň görnüşleri boýunça ussatlyk sapaklaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere sergide döwletimizde durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, gazanylan üstünlikleri beýan edýän işleriň giňden görkezilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşikleri barada hasabat berdi.

Beýik akyldar şahyrymyzyň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek, olaryň kalbynda dana şahyrymyzyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelere söýgi döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşik yglan edildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan degişli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýaş ýazyjylaryň, dramaturglaryň, suratkeşleriň, sazandalaryň hem-de kitaphana işgärleriniň arasynda birnäçe döredijilik bäsleşikleri geçirildi. Olaryň jemleri jemlenildi hem-de ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabaralary boldy.

Şu ýylyň 28-nji sentýabrynda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda şanly seneler mynasybetli yglan edilen bäsleşikleriň ýene-de birnäçesiniň jemlerini jemlemek dabarasy bolar. Bellenilişi ýaly, bu çäreleriň geçirilmegi Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek, ýaş döredijileri täze üstünliklere ruhlandyrmak, milli edebiýatymyzy we medeniýetimizi has-da belent sepgitlere ýetirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, bu işleriň şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermäge, edebi mirasyny giňden wagyz etmäge, düýpli öwrenmäge ýardam edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek döredijilik bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek hem-de olary ýokary derejede geçirmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary we ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan bilim edaralary gurlup ulanmaga berilýär, kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam berýän halkara ylmy maslahatlary, sergileri, bäsleşikleri, olimpiadalary geçirmekde oňyn tejribe toplandy.

«Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda», şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan 16-17-nji oktýabrda Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigini; 1-nji noýabrda Türkmen döwlet maliýe institutynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyny; 6-njy noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi»; 13-nji noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary; 15-nji noýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda maliýe dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyny, 29-njy noýabrda «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty; 18 — 20-nji noýabrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde filosofiýa, 21 — 23-nji noýabrda ykdysadyýet dersleri boýunça halkara internet olimpiadalaryny; 20-nji noýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça III halkara internet olimpiadasyny; 25 — 30-njy noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Bellenilişi ýaly, bu halkara olimpiadalara, ylmy-amaly maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, ABŞ-nyň, Koreýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Belarusuň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, beýleki onlarça döwletiň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, alymlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara derejeli intellektual ýaryşlarda ýeňiji bolan zehinli talyplary medallar, dürli derejeli diplomlar bilen sylaglamak göz öňünde tutulýar.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara ylmy maslahatlaryň, sergileriň, olimpiadalaryň ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýändigini aýdyp, şu ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary we ylmy-amaly maslahatlary geçirmek boýunça taýýarlanan teklibi goldady hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň sanly ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi.

Ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň häzirki zaman kadalaryna laýyk getirmäge gönükdirilen Hereketleriň meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak boýunça kabul edilen konwensiýalara goşulmagynyň mümkinçiliklerini öwrenmek, milli kanunçylygymyzy halkara resminamalara laýyklykda kämilleşdirmek babatda hyzmatdaş halkara guramalar bilen degişli okuwlary we maslahatlary yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar. Şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda sanly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitara dialogy geçirmek teklip edilýär. Bu çäre agzalan ugurda sebitdäki döwletler hem-de kompaniýalar bilen ýurdumyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerine seretmäge, tejribe alyşmaga, Türkmenistanda alnyp barylýan işler bilen dünýä jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik döreder.

Hasabatyň dowamynda sanly ulgamyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen 2025 — 2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek barada Maksatnamany taýýarlamak teklip edildi.

Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda döwletimiziň hünärmenleri tarapyndan daşary ýurtlarda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, maglumat tehnologiýalaryny goramak boýunça ulgamlaýyn alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak, ýurdumyzyň tejribesi bilen paýlaşmak boýunça degişli işleri yzygiderli geçirmek meýilleşdirilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi bilen bilelikde sanly ulgamy goramak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de berkitmek teklip edilýär. Şunda 2024-2025-nji ýyllarda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzümi tarapyndan internet ulgamynda kiberterrorçylygyň öňüni almak, wajyp infrastrukturalary kiberhüjümlerden goramak ýaly ugurlarda alnyp barylýan işlere we taslamalara ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagy maksadalaýyk hasaplanýar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen kiberhowpsuzlyk, döwlet we bank hyzmatlaryny, şeýle-de ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, sanly maliýe ulgamlaryny peýdalanmakda milli hünärmenleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek teklip edilýär. Agzalan ugurlarda bu gurama bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, dürli sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmegi öwrenmek, hünär kämilleşdiriş okuwlaryny yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny belledi. Döwrüň talabyna görä, hyzmatlaryň görnüşleri kämilleşdirilýär hem-de artdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky işleri dünýä ülňülerine laýyk alyp barmak üçin halkara tejribäni yzygiderli öwrenmek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň okuwyny guramak teklip edilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň Halkara howa menzilleriniň ýük dolanyşygyny artdyrmak we ýük ammarlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, halkara ýük howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, amaly okuwlary guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagynyň barha ösdürilýändigini, täze uçarlaryň yzygiderli satyn alynýandygyny, howa menzillerinde döwrebap şertleriň döredilýändigini, munuň bolsa halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamagy talap edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz raýat awiasiýasy pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we tejribelerini artdyrmak boýunça okuwlary geçirmek baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” kabul edilendigini belledi. Maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen birnäçe işler alnyp barylýar. Ýakynda bolsa paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy ýokary derejede geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we forumyň netijeleri boýunça seljeriş işlerini geçirip, ähli ugurlar boýunça maýa goýumlary çekmekde hasabatlary taýýarlamagyň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Hökümet agzalaryna halkara derejeli bu forumda gelnen netijeleri, anyk teklipleri jemläp, wajyp ähmiýetli desgalary işe girizmek we düýbüni tutmak dabaralarynyň taryhy ähmiýetini beýan etjek brifing görnüşli halkara maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň jemleri boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan okuw-usuly gollanmany taýýarlamak babatda degişli görkezmeleri berdi. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady ugurly ýokary okuw mekdeplerinde bilim berýän mugallymlar, talyplar üçin gymmatly gollanma bolar.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek boýunça başyny başlan giň möçberli işleriniň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Ýakynda paýtagtymyzda geçirilen maýa goýum forumynyň giň wekilçilikli düzümi hem-de onuň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar onuň aýdyň güwäsidir. Türkmenistan bu möhüm forumy üstünlikli geçirmek bilen, dünýä giňişliginde ygtybarly hyzmatdaşdygyny ýene-de bir gezek görkezdi. Şunuň bilen bir hatarda, türkmen-owgan serhedinde täze energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralaryň möhüm ähmiýeti bellenildi. Bu taslamalar hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr.

Pursatdan peýdalanyp, wise-premýer, daşary işler ministri mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bu möhüm wakalar bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, uzak ömür, asylly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz halkara maýa goýum forumynyň üstünlikli geçirilendigine ünsi çekdi hem-de onuň çäklerinde guralan gepleşikleriň we gazanylan ylalaşyklaryň wajyp ähmiýetini belledi. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň we Owganystanyň halklarynyň umumy bähbidine hyzmat etjek möhüm desgalaryň işe girizilmegi we düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi