Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Malaýziýanyň XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandaryň we Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mübärekläp, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz onuň saparyň dowamynda türkmen kärdeşleri bilen geçirjek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň netijeli bolmagyny arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýany deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Iki ýurduň söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigine üns çekildi. Nebitgaz pudagy Türkmenistanyň depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Bu ugurda ýurtlarymyzyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyna Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň uly goşant goşýandygy aýratyn bellenildi. Kompaniýa köp ýyllaryň dowamynda Diýarymyzda uglewodorod serişdelerini çykarmagyň taslamalaryna gatnaşýar. Nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda netijeli işleri alyp barýar.

Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejede amala aşyrylýan saparlaryň möhüm orny bellenildi. Hormatly Prezidentimiz bu babatda şu ýylyň ahyrynda Malaýziýa amala aşyryljak saparyň ähmiýetini nygtap, onuň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Malaýziýanyň daşary işler ministri birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi