«Türkmenistanda 2020-2025-nji ýyllarda daşary ykdysady hereketi ösdürmegiň maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Aşgabadyň birža gaznasynyň we Ermenistanyň birža gaznasynyň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda türkmen tarapyna maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Toýly Mälikow ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki dostlukly döwletiň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda birža ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we bar bolan söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge üns çekildi. Aşgabat we Ermeni birža gaznasynyň işleri bilen içgin tanyşlykdan soň, taraplar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Bu onlaýn duşuşygy iki döwletiň daşary ykdysady hyzmatdaşlygynda özara bähbitli täze mümkinçilikleri açmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Toýly Mälikow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni döwletara toparynyň işine ýokary baha berdi. Ol ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli serişdesidir.
Duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen tarapy Gymmatly kagyzlaryň bazarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Memorandum baglaşmak teklibi bilen çykyş etdi. Munuň özi iki döwletiň hyzmatdaşlygynda täze tapgyra öwrüler.