Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. 

Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir. 

BMG-niň Baş Assambleýasy öz Kararnamasy bilen ýurdumyzda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, bu ulgamda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan ägirt uly işleri goldady. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Milletler Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda wajyp orny eýeleýän ýurdumyz öz döredijilik mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň bähbidine amala aşyrmaga çalyşýar.

Şeýlelikde, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi