Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geçen hepdede 291 geleşik hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň telekeçilerine pagta ýüplügi we float aýna listleri ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 207 müň dollaryna barabar boldy.
46 million 400 müň manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gazagystanyň işewür toparlary pagta ýüplügini satyn aldylar.
Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin Türkmenbaşynyň nebiti gaýtada işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän nebit koksynyň galyndylaryny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümi bolan ýokary berklikdäki polietileni we polipropileni, şeýle hem elde dokalan halylyary sаtyn aldylar. Söwda geleşikleri 424 million 841 müň manada deň boldy. ABŞ-nyň 122 müň dollaryndan gowrak baha türkmen telekeçileri portlandsement satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 3,2 million dollaryndan geçdi.