Sentýabr aýynyň 4-ne Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Bu möhüm oba hojalyk möwsümi döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen badalga aldy.

Asylly däbe görä, il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan bol hasyly dileg edip, bugdaý tohumlaryny topraga sepdiler hem-de nobaty mehanizatorlara geçirdiler.

Oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler hormatly Prezidentimiziň önüm öndürijileri hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen oýlanyşykly strategiýasynyň aýrylmaz bölegidir. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Bugdaý ekişiniň badalga almagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Ak üzüm”, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň “Batly mülkdar” daýhan hojalyklarynda, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň “Türkmenistan”, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Watan”, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi. Olarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmäge, bugdaýa ideg etmekde agrotehnikanyň kadalaryny öz wagtynda berjaý etmäge we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ýurdumyzyň oba hojalyk önümleriniň we döwrebap tehnikalaryň sergisi guralyp, aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi