Türkmenistanyň Prezidenti şu gün Ministrler Kabinetiniň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda ýurduň ykdysady we maliýe-bank toplumynyň öňünde birnäçe wezipeleri kesgitledi.

Maslahatyň barşynda milli Liderimiz häzirki döwürde dünýä ýüzünde bolup geçýän wakalary nazara almak bilen 2022-nji ýyl üçin baş maliýe meýilnamasyny işläp taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunda ýurduň ösüşi boýunça durmuş we pudaklaýyn maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin netijeli çäreler görülmelidir.

Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow hökümet edaralary tarapyndan maliýe-býujet syýasatynyň möhüm ädimi bolan döwlet býujetiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň, sebitiň we halk hojalygynyň toplumlarynyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi hasabatyň möhüm  bölegini düzdi. 

Sanly ykdysadyýete geçmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi barada habar bermek bilen, ministr häzirki wagtda ähli öňdebaryjy ulgamlarda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny we sanly hyzmatyň ösdürilýändigini belledi. Ykdysady ulgamlarda hukuk-kadalarynyň ýagdaýynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edilmegi bilen bagly işleriň barşy barada habar berildi. 

Hasabaty diňlemek bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýyl üçin döwlet býujetini taýýarlamak bilen bagly ähli meseleleri içgin seljermegiň zerurdygyny nygtady. Ilkinji nobatdaky wezipeler hökmünde eksport ugurly we eksport önümleriniň ýerini tutýan harytlaryň önümçiligi boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, elektron harytlary öndürýän kärhanalary döretmek bellenildi.

Döwlet emlägini hususylaşdyrmak, şeýle hem halk hojalygy toplumynyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak boýunça işleriň ähmiýetini nygtamak bilen, milli Liderimiz bu ugurdaky işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

«Telekeçiligi ösdürmek, içerki bazary ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmek maksadyna eýerip, ugurdaş gurluşlar bilen bilelikde, sazlaşykly işleri alyp barmagy ýola goýmalydyr» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Berdimuhamedow:«Ýakyn geljekde bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi türkmen ykdysadyýetiniň hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine oňyn şert döreder» belläp, maliýe we ykdysadyýet ministrine  birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow 2022-nji ýylda döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak işleriniň barşy bilen tanyşdyrdy.

Wise-premýer döwlet býujetiniň göz öňünde tutulmadyk goşmaça çeşmeleri ― girdeji bölegi hakynda habr berdi. Bu sanly ulgama geçmegi çaltlandyrmak, döwlet emlägini hususylaşdyrmak, edaralary we kärhanalary paýdarlar jemgyýetine öwürmek, gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek boýunça işler bilen baglydyr. 

2022-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet býujetiniň taslamasynda ykdysadyýetde JIÖ-niň garaşylýan görkezijisi hakynda habar berildi. Hususan-da, baş maliýeleşdiriş meýilnamasynda geljek ýylda zähmet haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny 10 göterim artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Hasabaty diňlemek bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen mundan beýläk-de toplumlaýyn çäreleri guramagyň möhümdigini belledi. Indiki ýylda döwlet býujeti anyk pudaklaryň uzakmöhletleýin wezipeleri, ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy we hususy ulgamyň kadalaşdyrylmagy  boýunça sebit maksatnamalary esasynda işläp taýýarlanylýar. Şeýle hem onda durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegi, maýa goýum mümkinçiliginiň ösdürilmegi we türkmenistanlylaryň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Makroykdysady görkezijilere gözegçilik etmegiň we geljegine baha bermegiň ulgamlaýyn binýadynyň zerurdygyna üns çekildi. 

Milli Liderimiz:«Ykdysady ulgamyň öňünde duran wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak zerurdyr», – diýip aýtmak bilen, wise-premýere birnäçe tabyşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurduň banklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meselelere ünsi çekip, bu edaralarda öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi. Ýokary hilli hyzmatlar we önümler ugruny giňeltmek boýunça işleriň karz edaralarynyň girdejisini artdyrjakdygyny belläp, milli Liderimiz degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow durnukly ykdysady ösüşi saklamak, bazar institutlaryny özgertmegi dowam etmek arkaly 2022-nji ýylda JIÖ-niň durnukly derejesini saklamagyň zerurdygyny belledi. 

Ilkinji nobatda duran wezipeleriň hatarynda eksport ediji kärhanalara goldaw hökmünde goşmaça maliýeleşdirmegiň ösdürilmegi, şol sanda söwdanyň döwrebap maliýeleşdirilmegi ugrunda serişdeleriň peýdalanylmagy hem-de daşary ykdysady hereketiň sazlaşdyrylmagy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz eksport ediji kärhanalara ýerli önümleri täze eksport bazarlaryna eltip bermegiň ýol tertibini ösdürýän söwda guramalaryny giňeltmek arkaly goldaw bermegiň ähmiýetini nygtady.

Ýurduň durmuş ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy wezipeleriniň birini kesgitlemek bilen, milli Liderimiz bilim ulgamyny ösdürmek, saglygy goraýyş we beýleki pudaklarda maddy-enjamlaýyn binýadyň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça maksatnamalaryň doly derede ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.