3-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşdy.

Duşuşygyň gün tertibine Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi we gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlary kesgitlenildi.

Bellenilişi ýaly, üstümizdäki ýyl TÜRKSOÝ tarapyndan Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», şeýle hem Änew şäheri Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hem-de gadymy Änew şäheriniň medeni ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen ýakyn wagtda geçiriljek bilelikdäki çäreleriň guralyşy bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi