Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Prezident Masud Pezeşkian bilen duşuşdy.

Prezident Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp we Eýrana sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwürde işjeň ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. 

Gahryman Arkadagymyz doganlyk ýurduň Baştutanyna türkmen wekiliýetine bildirilen ýokary derejedäki myhmansöýerlik, işlemek üçin döredilen şertler, şu günki duşuşyklar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan hem-de öz adyndan Masud Pezeşkiany Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek gutlady we alyp barýan döwlet bähbitli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Masud Pezeşkiana döwlet Baştutanymyzyň salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirip, özüne amatly bolan wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylyk hatyny gowşurdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen salamy we hoşniýetli sözleri üçin hoşallygyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, çakylyk üçin sagbolsun aýtdy hem-de özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen baryp görjekdigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Liderine pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby sowgat berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy kitabyň pars diline terjime edilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Eýranyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür, işinde uly üstünlikleri, doganlyk halka bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň maýynda pajygaly ýagdaýda aradan çykan Eýran Yslam Respublikasynyň şol wagtky Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşandygyny belledi. 

Soňra söhbetdeşler özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady ulgamy Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdiler.

Şunda gaz pudagy ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde bellenildi. Eýrana we onuň üsti bilen “swap” görnüşinde beýleki ýurtlara türkmen tebigy gazy iberildi diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy hem-de Türkmenistanyň bu işleri has giň gerimde dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen bir hatarda, Halk Maslahatynyň Başlygy Eýrana iberilýän türkmen tebigy gazynyň möçberini her ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmak babatda tagallalaryň edilýändigini aýdyp, bu ugurda eýran kompaniýalary bilen taslamalary we işleri bilelikde amala aşyrmagy teklip etdi.

Beýleki bir möhüm ugur elektroenergetika pudagy bilen baglanyşyklydyr. Türkmen elektrik energiýasynyň Balkanabat — Gonbat we Şatlyk — Sarahs ugurlary boýunça Eýrana iberilýändigi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň taslamasy boýunça eýran kompaniýalary bilen deslapky işleriň ýerine ýetirilýändigi barada aýdyldy.

Üçünji ugur ulag ulgamy bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurda eýran tarapy bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardygy tassyklanyldy. Gahryman Arkadagymyz ýol gurluşygy boýunça bilelikde işlemek hakynda aýdyp, bu ýerde gürrüňiň türkmen-eýran serhedinden Türkmenistanyň Etrek we Gumdag şäherlerine çenli uzajak awtomobil ýolunyň gurulmagy barada barýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, agzalan taslamany amala aşyrmak boýunça degişli Ähtnamanyň esasynda deslapky işleriň ýerine ýetirilýändigine üns çekildi.

Milli Liderimiz bu ileri tutulýan ugurlarda meýilleşdirilýän bilelikdäki işleri ýakyn wagtda durmuşa geçirmäge başlamagy teklip edip, munuň üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleriň we şertleriň bardygyny aýtdy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyny mümkin bolan gysga wagtda guramak boýunça degişli işleri geçirmegi teklip etdi. Munuň özi täze taslamalary amala aşyrmak bilen bagly ähli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer. 

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde dowam etdi. Gün tertibine ikitaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyň giň meseleleri girizildi.

Häzirki döwrüň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşmagyň çäklerinde taraplar halkara meselelerde mundan beýläk-de bilelikde işlemäge meýillidiklerini tassykladylar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda halkara howpsuzlyk meselesi dünýä syýasatynyň wajyp mowzuklarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek işine goşant goşmak ugrunda uly tagalla edýändigi nygtaldy. Hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň öňe süren Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyjynyň wajypdygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy bu teklibiň durmuşa geçirilmegi babatda eýran tarapynyň öz goldawlaryny berjekdigine ynam bildirdi. Türkmen tarapy hem, öz gezeginde, Eýranyň halkara ähmiýetli başlangyçlaryny goldaýar we goldamagyny dowam etdirer diýip, Milli Liderimiz aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada durup geçip, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberiniň ýokary derejelere eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, has-da ýokary boldy. 

Gaz pudagy ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady we türkmen tarapynyň Eýrana iberilýän gazyň möçberini her ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny belledi. Bu maksada ýetmek üçin bar bolan gaz geçiriji infrastrukturany täzelemek, täze desgalary gurmak we munuň üçin maýa goýmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň çäginde iki sany täze gaz gysyjy desgany we 125 kilometrlik täze gaz geçirijini gurmagyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Munuň özi Eýrana iberilýän türkmen tebigy gazynyň goşmaça möçberini «Çaloýuk» gaz ölçeýji desgasyna çenli akdyrmaga mümkinçilik berer. Bu baradaky gürrüňiň dowamynda ýakyn geljekde “swap” usuly arkaly türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna we soňra Türkiýä ibermegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.

Taraplaryň pikirine görä, elektroenergetika pudagy hem özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berýär. Bu ugurda bilelikdäki işiň köpýyllyk tejribesi toplandy. Biz elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek ugrunda tagalla edýäris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we bu babatda möhüm taslama bolan Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň ähmiýetini belledi. Güýjenmesi 500/400 kilowolta barabar bolan bu elektrik geçiriji Mary şäherinden başlap, Sarahsa we ol ýerden türkmen-eýran serhedine çenli uzalar. Onuň türkmen-eýran serhedine çenli uzynlygy 155 kilometre deň bolar.

Taraplaryň belleýişleri ýaly, ulag ulgamy hem ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ulaglar babatda Eýran bilen özara hereketleri pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Hususan-da, ýük gatnawlarynyň artdyrylmagy möhüm wezipe bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ýurtlarymyzyň awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyň gowy tejribesini toplandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu ugurdaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ýylyň maýynda Eýrana bolan resmi saparynyň dowamynda türkmen-eýran serhedinden Türkmenistanyň Gumdag şäherine çenli awtomobil ýoluny gurmak barada ylalaşygyň gazanylandygyna üns çekildi. Uzynlygy 242 kilometre deň bolan bu ýoluň gurluşygyna eýran kompaniýalarynyň gatnaşmagy teklip edildi. Geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda agzalan awtomobil ýoluny gurmak boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilipdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy demir we awtomobil ýollary arkaly ikitaraplaýyn ýük gatnawlaryny artdyrmagyň zerurdygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz “Sarahs” we “Inçeburun” demir ýol geçiriş nokatlaryndan geçýän harytlaryň möçberini köpeltmegi teklip edip, ýurdumyzyň bu ugurda eýran tarapy bilen bilelikde işlemäge taýýardygyny tassyklady. Milli Liderimiz häzirki wagtda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň işjeňligini ýokarlandyrmak we bu ugur boýunça geçýän awtomobil ýoly arkaly ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, üçtaraplaýyn esasda işlemegi teklip etdi. Bu hereketleri amala aşyrmak üçin ýurtlarymyzyň kompaniýalaryny işe çekmek ýerlikli bolar diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekip, Ermenistan — Eýran — Türkmenistan — Gazagystan üstaşyr ulag geçelgesi boýunça ýük daşamak we bu ugry netijeli peýdalanmak babatda tekliplerini beýan etdi. Şeýle-de taraplar ýokarda agzalan strategik taýdan ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly işleri has-da berkitmek üçin Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň işini güýçlendirmegiň maksadalaýykdygyna ünsi çekdiler.

Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli şu ýylyň maýynda Eýranda bilelikdäki medeni-köpçülik çäreleriniň guralandygy üçin eýran tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda bu şanly senä bagyşlanan çäreleriň geçirilmegi dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz öz adyndan we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, taraplar dürli ulgamlarda, hususan-da, ileri tutulýan ugurlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda “Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama”, Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portunyň arasynda doganlyk port gatnaşyklary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, tebigy gaz babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, “Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2025-2026-njy ýyllar üçin Maksatnamasy” bar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi