Awgust aýynyň 24-ne Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar aýdym-sazlary aýratyn joşgun we ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy jemleýji bäsleşigiň aýratyn tolgundyryjy pursatlarynyň birine öwrüldi.

Dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň atlary yglan edildi we olaryň her birine ýörite diplom hem-de altyn zynjyr, şeýle hem «Çalsana, bagşy!» bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi