ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni miras konwensiýasynyň sanawlaryna dalaşgärleri taýýarlamak üçin dört günlük okuwlara Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.

20 — 23-nji awgust aralygynda Bişkekde geçirilýän bu çäräniň maksady milli mirasy goramak we halkara derejesinde wagyz etmek boýunça milli hünärmenleriň başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr.

Okuwa Özbegistandan, Gazagystandan, Täjigistandan we Gyrgyzystandan hem wekilleri gatnaşýar. Duşuşyk maksatnamasy 2003-nji ýyldaky ÝUNESKO konwensiýasynyň çäginde maddy däl medeni miras düşünjesini we guramanyň dürli sanawlarynyň aýratynlyklaryny gözden geçirmegi öz içine alýar.

Okuwlarda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dalaşgärlik sanawyny gözden geçirmäge we ÝUNESKO-nyň sanawlarynda sebitiň deňagramsyz wekilçiligine baha bermäge aýratyn üns berilip, gatnaşyjylar bilelikdäki köpmilletli dalaşgärleri taýýarlamagyň mümkinçiligine-de seredýärler.

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi