22-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň dürli künjegindäki çagalardyr ene-atalary birikdiren «KidsExpo: ähli zat çagalar üçin» atly ilkinji halkara sergi-ýarmarkasy öz işini tamamlandy.

Dört gün dowam eden sergi-ýarmarkasy myhmanlara çagalar üçin ajaýyp oýunlary we güýmenje çäreleri bolan dürli görnüşli diwarlyklary hödürledi. Bu ýerde ýaşajyk myhmanlar täsin ýaryşlara gatnaşyp, şatlykly we gyzykly gurşawda özlerine täze dostlary tapdylar.

Forum meýdançasy döredijiligiň we ylhamyň merkezine öwrüldi. Bu ýerde çagalaryň moda görkezilişi, şeýle hem çagalaryň terbiýesi we ösüşi boýunça ene-atalar üçin seminarlar hem-de ussatlyk sapaklary geçirildi. 

Sungat meýdançasynda çagalar özboluşly sungat eserlerini we şekilleri döretdiler, kiber zolakda bolsa häzirki zaman tehnologiýalary hem-de enjamlary bilen tanyş boldular.

«KidsExpo 2024» guraýjylaryň we myhmanlaryň isleglerini doly kanagatlandyrdy. Oňa gatnaşanlar eýýäm indiki ýylda hem «KidsExpo» sergi-ýarmarkasynyň gapylaryny giňden açmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.


Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi