22-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistanyň «Frontier Works Organization» kompaniýasynyň prezidenti we baş inženeri Kaşif Naziriň arasynda duşuşyk boldy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar şäher gurluşygy, ýol-ulag infrastrukturasyny gowulandyrmak we suwaryş ulgamlaryny gurmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler Türkmenistanda meýilleşdirilýän iri göwrümli taslamalary durmuşa geçirmekde we «Frontier Works Organization» kompaniýasynyň üstünlikli köp ýyllyk tejribesini nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň geljegi dogrusynda pikir alyşdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi