16 — 20-nji awgustda Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynda geçirilen «Kaşgar — Merkezi we Günorta Aziýa» haryt ýarmarkasynda Türkmenistana degişli diwarlyk hem görkezildi. Iri gözden geçiriliş Hytaýyň, Merkezi hem Günorta Aziýanyň, beýleki döwletleriň Hökümet wekiliýetlerini, önümçilik kärhanalarynyň, pudaklaýyn assosiasiýalarynyň, ykdysady we söwda guramalarynyň wekillerini bir meýdança jemledi. Indi 14-nji gezek guralan bu çäre hytaýly eksponentleriň 550-sine, daşary ýurt kompaniýalarynyň hem 160-a golaýyna öz önümleridir hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik döretdi.
Kaşgar haryt ýarmarkasynyň maksady Merkezi we Günorta Aziýa degişli eksporta gönükdirilen strategik meýdançany döretmekden, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmakdan ybaratdyr. Şoňa görä, bu ýerde söwda, logistika, dokma, egin-eşik, elektron maglumatlar, energiýany tygşytlamak we daşky gurşawy goramak, biolukmançylyk, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, medeni syýahatçylyk ýaly ugurlaryň giň toplumyna bagyşlanan diwarlyklara aýratyn orun berildi. Türkmenistana degişli diwarlyk bolsa ýokary hilli dokma harytlary, hususan-da, ajaýyp haly we haly önümleri bilen sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi.
Çeşme: Türkmenmetbugat