Aşgabatda açylan «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzyň iň gowy bilim merkezleri görkezilýär.

Öz gezeginde, «Netijeli binýat» hususy kärhanasy Türkmenistanda Kanadanyň bilim maksatnamasynyň okadyş usulyýetine esaslanan bilim merkezini açmagy meýilleşdirýär.

Täze açyljak okuw merkezi ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýesi Jeýms Hekmanyň ýörelgesine esaslanar. Kanadanyň «ThinkSmart» merkeziniň maksatnamalary çagalaryň maksatnama ýazma, robot gurluşy, matematika we beýleki dersler boýunça başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Oýun görnüşinde guralan ähli sapaklar iňlis dilinde geçiriler. Ýörite dil gurşawy çagalara daşary ýurt dilini has netijeli öwrenmäge mümkinçilik berer, gulak maşklary bolsa daşary ýurt diline diňläp düşünmek endikleriniň ösmegine goşant goşar.

«ThinkSmart» goşmaça bilim merkezinde okamak çagalara geljekde hünär kesgitlemekde we daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge taýýarlyga ep-esli kömek edip biler. Okuwy doly tamamlan okuwçylara Türkmenistanyň we Kanadanyň şahadatnamalary gowşurylar.


Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»