Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Omanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we karbamidi, “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, ýol bitumyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Gonkongyň telekeçilerine pagta linti, erkekler üçin köýnekler, jins önümleri we matalar ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 60 million 939 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 5 million 125 müň manada deň bolan float aýnasyny, ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni) satyn aldylar.
Çeşme: Türkmenmetbugat