Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdanyň dowamynda jemi 11 million ABŞ dollaryna golaý möçberde 20 geleşik hasaba alyndy.

Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Maltanyň we başga-da döwletleriň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän awtomobil benzinyny we awiasiýa kerosinyny daşary ýurt walýutasynda satyn aldylar.

Şeýle hem daşary ýurt walýutasynda BAE-niň, Päkistanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümlerini, şeýle-de nah ýüplük satyn aldylar. 

BAE-niň we Päkistanyň telekeçileriniň milli walýutada satyn alan nah ýüplüginiň möçberi bolsa 6 milion 853 müň manat boldy. 

Içerki bazar üçin bolsa ýerli telekeçiler tarapyndan 4 million 712 müň manat möçberinde plastik paletler we 100 müň ABŞ dollaryna golaý  möçberde portlandsement satyn alyndy.