14-nji awgustda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Belarusyň Daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň – Dostluk öýüniň binasynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda dabaraly çäre geçirildi.
Çärä Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Minskde akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, alymlar we medeniýet işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri we ýerli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem habar beriş serişdeleri gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatyndaky we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny berkitmekdäki orny barada söhbet etdiler. Belarus terjimeçileriniň türkmen şahyrynyň goşgularyny dünýä dillerine terjime etmek işindäki möhüm goşandy hem aýratyn bellenildi.
Çäräniň çäklerinde tematiki wideoýazgylaryň, aýdym-saz kompozisiýalaryň görekizilişi, fotosuratlaryň we kitaplaryň sergisi gurnaldy.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»