Döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmak — derwaýys mesele. Bu döwletiň barlygyny şertlendirýän esasy, binýatlyk meseledir. Halkyň geljegi hut şu meseläniň oňyn çözülmegi bilen gönüden-göni bagly. Syýasatçylar döwletiň geljegini, ilkinji nobatda, azyk bolçulygy bilen baglanyşdyrýarlar.

Azyk üpjünçiligi hemişe gerek. Aýdylyşy ýaly, ýaşamak isleseň, bolmanda, günde iki gezek bir zatlary aňryňa atmaly. «Senden hereket, menden bereket» diýen söz bar. Maksadyňa ýetmek üçin hereket gerek, aňly-düşünjeli, maksada okgunly hereket!

Biz öz döwleti bolan, özerkli halk hökmünde häzirkidenem beýgelmäge, taryhy ösüşimiziň has ýokarky basgançagyna çykmaga ymtylýarys. Özem, diňe ykdysady däl-de, ähli babatda — ylym-bilim, zähmet öndürijiligi, halkara hyzmatdaşlyk, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, demografik ösüş, dünýägaraýyş, oýlap tapyjylyk, täze tehnologiýa — durmuşda ownuk mesele ýok, ählisi babatda ösüşde bolmaly. Dogry, bizde şeýle hem edilýär. Muňa mysal hökmünde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime çykandygyny aýdyp bolar. Bu görkeziji halkymyz üçin uly ykdysady ösüşdir. Geljegiň aladasynyň edilýändiginiň misilsiz güwäsidir.

Durmuş bir duran ýerinde duranok. Ol hemişe üýtgewde we ösüşde. Häzir ýurdumyz öz mümkinçiliklerini akylly-başly peýdalanyp, tijenip hem maksada okgunly hereket edip, ösüşiň ýokarky basgançaklaryna ynamly çykýar. Ösen döwletler biziň uzak möhletleýin we strategik hyzmatdaşlarymyzdyr. Iň begendirýän ýeri, olar bize ygtybarly we üstüne alan borçnamalaryna jogapkärli döwlet hökmünde garaýarlar. Bu aňsat däl diýsek, köpler ylalaşsa gerek. Munuň üçin, iň bärkisi, halkara giňişlikde özüňi diňe gowy tarapdan görkezmeli. Döwletimiz garaşsyz ösüşinde şuny başardy. Şunuň özi hem halk hökmünde ýeten beýik sepgitlerimiziň biridir. Şuňa guwanmaga we ümzügimizi hemişe öňe tutmaga hakymyz bardyr.

Milli Liderimiz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz gazananlarymyz bilen çäklenip oturmaly däldigimizi aýdýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam edýän importy çalyşmak syýasatyna giň manyda düşünmelidiris. Hut şu syýasat biziň halk hökmünde taryhy ädim ätmegimize taýýar bolup durmagymyzy üpjün edýär. Özüňde önmeýän haýsydyr bir zady, goý, ol ýönekeý sowadyjy ýa iňňe bolsun, tapawudy ýok, özüňde öndürip başlamak, elbetde, gowy. Onuň bähbitli taraplaryny bir, iki, üç... diýip, sanap durmalyň! Olary hemme bilýär.

Importy çalyşmaga has giň manyda düşünmeli diýýänimiz barada aýtsak, muňa ozaldan bar bolan, nirededir bir ýerde eýýäm öndürilip ýörlen harydy ýa önümi köre-körlük bilen özüňde öndürmek däl-de, başbitin täzesini — täze tehnologiýany, täze usullary özüňde döretmek, ýasamak, ornaşdyrmak diýip düşünmeli. Mysal üçin, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod düýpgöter täze önümçilikdir. Meýdana girdiňmi — çynyňy etmeli. Bizde aň-düşünjeli ýaşlar, düýpgöter täzeçe pikirlenmegi başarýan we çözgütleri kabul etmäge ukyply hem-de jogapkärçiligi üstüne almakdan çekinmeýän inženerler, hünärmenler az däl. Olaryň sanyny artdyrmak üçin edilýän aladalar bimöçber uly. Ýaşlar syýasaty şu meseläni çözmäge gönükdirilendir.

Oguz han atamyzyň döwründe arabanyň oýlanylyp tapylmagy, soňlugy bilen, adamzady, gör, nähili açyşlara getirdi. Adamzadyň häzirki zaman siwilizasiýasy ýönekeý araba tigrinden gözbaş alypdyr ahyryn. Hut arabanyň agaçdan edilen gödek tigri asyrlarboýy aýlanyp, adamzadyň ösüşlerine sebäp bolup geldi. Häzirki wagtda-da şeýle etmeli, düýpgöter täze zat ýasamaly. «Welosipedi täzeden oýlap ýasajak bolma!» diýilýän bir gepem bar. Diýilse diýlibersin, häzirki döwürde «täze welosipedi oýlap tapmaly», ýagny öwrenmek, göz ýetirmek, güýjüňi barlap görmek hem-de öz-özüňe göwnüň ýetmegi üçin «welosipedi täzeden oýlap tapsaň-da» aýyp görülmez. Mysal üçin, oba hojalygyny köne usullar bilen däl-de, düýpgöter täze usulda ösdürmegiň ýoly gözlenilýär. Özem az ýerden köp hasyl almak arkaly ösdürmek maksat edinilýär. Şunda ekologik taýdan arassa, döwrebap, özüne düşýän gymmaty mümkingadar arzan we köpçülikleýin islegden peýdalanýan önümleri öndürmek esasy wezipe hökmünde öňe sürüldi. Oba hojalygyny hemmelere tanyş bolansoň mysal hökmünde aldyk, ýöne biziň aýdýanlarymyz halk hojalygynyň islendik pudagyna-da degişlidir. Türkmen öz döwründe ahalteke atyny, saryja goýnuny, alabaý itini, bal ýaly gawunlaryny, dokmaňyz däneli bugdaýyny... döredipdir. Türkmeniň döredijilik ukyby täzeden galkynýar. Gazdan benzin öndürişimiz türkmeniň döredijilik gorunyň kemelmändigini dünýä subut edýär. Biz muňa guwanmalydyrys, dünýäde ilkinji bolup, şeýle zawody gurdurmak — uly iş. Oňa eýelik edýänem, ony işledýänem özümiz. Guwanmaga hem-de biliňi berk guşap, has aňyrlary gözlemäge ýeterlik sebäpleriň biri şu.

Importy çalyşmak — uzaklary nazarlaýan maksatdyr. Hormatly Prezidentimiziň döwleti edara etmek işi hem, şeýle maksatlar ýaly, has uzaklary nazarlaýar. Halkymyz muny görýär we goldaýar. Häzirki döwür — ýaşlaryň döwri. Ýaşlarymyz hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda durmuşa geçirýän asylly işlerinden nusga almalydyr we «Şuny men etmesem, kim eder» diýen ýörelgä eýermelidir. Şeýdilende, uzaklary nazarlaýan maksatlaryň uzak bolmadyk günleriň birinde doly durmuşa geçirilendigini göreris.