Özbegistan Respublikasynyň Astana şäherindäki «Akorda» köşgünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow  bildirilen myhmansöýerlik we mejlisiň ýokary derejede guralandygy üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykda birnäçe möhüm meselelere garaldy. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz: «Konsultatiw duşuşyklaryň ilki başdaky mazmuny bu maksady saklanyp galmaly diýip hasaplaýaryn. Biziň pikirimizçe, olaryň çäklerinde haýsydyr bir köptaraplaýyn düzümleriň döredilmegi maksadalaýyk däldir. Biz birek-birege örän oňat düşünýäris, biziň her bir duşuşygymyz aýdyň mazmunly jemleýji resminama bilen tamamlanýar we resminama esasynda biz iş alyp barýarys. Syýasy nukdaýnazardan, şeýle hem iş nukdaýnazaryndan, bu formatyň çäklerinde goşmaça düzümleri döretmegiň zerurlygy ýok diýip hasaplaýarys» diýip nygtady.

Şeýle hem ulag we kommunikasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyga esasy orun degişlidir. Häzirki günde bu ulgam depginli ösýär, bäsdeşlik artýar, Ýewraziýada täze ulag üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň pikirine görä, geografik, logistika we beýleki artykmaçlyklary ulanmak arkaly sebitimiziň bu işlere öz wagtynda hem-de netijeli gatnaşmagyny üpjün etmek Merkezi Aziýa döwletleriniň iň ýakyn geljekde umumy wezipesi bolmalydyr.

Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag özara baglanyşygynyň güýçlendirilmegi ýurtlarymyzyň çäginde döwrebap logistikanyň döredilmegini, kanunlaryň sazlaşdyrylmagyny, özara gümrük, nyrh we beýleki ýeňillikleriň berilmegini göz öňünde tutýar. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda edilmeli köp iş bardygyny we biz ady agzalan wezipeleri iň ýakyn geljekde iş ýüzünde amala aşyrmaga girişmegi teklip etdi.

«Sebitimizi daşarky täsirleriň astyna, hususan-da, gapma-garşylykly ýagdaýlara düşürilmegine, Merkezi Aziýanyň müňýyllyklara uzaýan taryhy bolan geosyýasy, ykdysady, medeni giňişlik hökmünde özbaşdaklylygyna şübhelenmek üçin esas döretmäge ýol berilmeli däldir. Biziň halklarymyzyň öz gün tertibi bar: bular – parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belläp geçdi.

Sammitiň jemleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi. Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, sebit kooperasiýasyny ösdürmegiň «Merkezi Aziýa — 2040» Konsepsiýasyna hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewi Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak hakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň Çözgüdine gol çekdiler. Ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça 2025 — 2027-nji ýyllarda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” kabul edildi.

Mundan başga-da, duşuşykda birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň barşynda goňşy ýurtlaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanyldy. 

Duşuşyklardan soňra Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi