Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Gümrük gullugynda 2023-nji ýylyň awgustynda döredilen gümrük taýdan resmileşdirmegiň Merkezine baryp gördüler. Olar bu ýerde gümrük nokatlarynyň iş ýörelgeleri bilen tanyşdy.
Bu toplum maglumatlary gaýtadan işleýän merkezi, uzakdan elektron deklarirleme nokadyny, jaň merkezini, nyşana almak we töwekgelçilikleri dolandyrmak bölümlerini öz içine alýar.
Elektron deklarirleme nokadynda uzak aralykdan berlen ýük gümrük deklarasiýalaryna, şeýle hem gümrük komitetiniň jaň merkeziniň «11-08» gyzgyn telefon arkaly we web-saýty arkaly alnan haýyşnamalara we ýüztutmalara seredilýär.
Nyşana almak we töwekgelçilikleri dolandyrmak bölümlerinde gümrügiň 50 sany maglumatlar ulgamy, Bütindünýä gümrük guramasynyň sanly maglumatlar ulgamy, şeýle hem daşary ýurtlaryň 30-dan gowrak edaralarynyň we gümrük gulluklarynyň maglumatlary seljerilýär, töwekgelçiliklere baha berilýär we ýurduň ähli gümrük edaralarynyň işine uzakdan gözegçilik edilýär.
Saparyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary daşary ýurt ykdysady işiniň «Arkbulok» we «Çukursaý Teh kontora» nokatlaryna, şeýle hem «Ýallama» serhetýaka gümrük nokadyna baryp gördüler we gümrük edaralarynyň işi bilen ýakyndan tanyşdylar.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»