Awgust aýynyň 6-na Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň degişli bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy. Türkmenistana ýurduň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow wekilçilik etdi. Duşuşyk Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýewiň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Duşuşykda energiýa üpjünçiliginiň durnuklylygyndaky global bökdençlikler, nebitiň we gazyň bahasynyň üýtgemegi ýaly esasy meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar maýa goýumlaryny çekmegiň we bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini aýtdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejebow energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri we ýurduň baý energiýa gorlary barada çykyş etdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar adaty we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, şeýle hem ýadro energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ösdürmek babatynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar we birnäçe resminamalara gol çekdiler.


Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi