Seulda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Demirgazyk-gündogar we Merkezi Aziýa býurosynyň baş müdiri, jenap Kan Ýonşiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
31-nji iýulda bolan duşuşykda taraplar birnäçe mesele, şol sanda ýakyn geljekde meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn çäreler barada pikir alyşdylar. Iki tarap hem ykdysady, medeni we ylmy ugurlary öz içine alýan özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.
Ýurtlaryň arasyndaky işewür gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri, şeýle hem energiýa we tehnologiki ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyk Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň dostlukly hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge umumy gyzyklanmasyny görkezdi.